Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi belent ahlaklylygyň, ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň ajaýyp baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşy müňýyllyklardan gaýdýan bu baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň şanly ýeňişleriň, şöhratly ösüşleriň ýurdy hökmünde at-abraýy dünýä dolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana bolan söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Gurban baýramy bütin dünýäde dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligimizi, jebisligimizi dünýä ýaýýan, jemgyýetimizde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän ynsanperwer häsiýetlerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz jemlenen bu baýramyň agzybirlik we jebislik ýörelgelerimiziň pugtalandyrylmagynda orny barha ýokarlanýar. Däp bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şan-şöhratly wakalara beslenýän ýylynda hem ruhy tämizligiň, päk ynanjyň, ýokary ynsanperwerligiň senasyna öwrülen Gurban baýramyny üç günüň dowamynda giňden hem-de dabaraly belleýäris. Baýram günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzy jebisleşdirýän, nesillerde ynsanperwerlik, watansöýüjilik duýgularyny kemala getirýän baý many-mazmunly dabaraly çäreleri geçirýäris.
Naz-nygmatly bereketli saçaklarymyzy giňden ýazyp, eziz Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagynyň, ýurt abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna gurbanlyk sadakalaryny berip, doga-dileg edýäris. Gurban baýramynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň — döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň, halkara we medeni çäreleriň, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşyp gelmegi bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerimizde egsilmez ruhy güýç berýär, jebisligimizi we agzybirligimizi dabaralandyrýar, eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrýar.
Eziz watandaşlar!
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz hakyndaky beýik hem-de mukaddes düşünjelerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrmak, jemgyýetimiziň sagdyn ösüşini, nesilleriň, döwürleriň arasyndaky üznüksiz baglanyşygy üpjün etmek, milletimiziň kämilligini gazanmak, jemgyýetimizde, maşgalada, her bir şahsyýetde beýik buýsanjy we ynsanperwer duýgyny terbiýeleýän milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmak ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda biziň öňümizde durýan esasy wezipelerdir. Şu maksat bilen, halk hakydasynda müdimilik orun alan we kämillik derejesine ýetirilen milli ýörelgelerimize, hoşniýetlilik, dostluk tuguny parladan, adamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna ägirt uly goşant goşan ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, Watanymyza bolan söýgimiz, yhlasly zähmetimiz bilen ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslarynyň berkidilmegine, halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyna, mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tutumly işleri amala aşyrýarys.
Merdana pederlerimiziň arzuwyndan, ynamyndan, yhlasyndan wysal bolan berkarar döwletimizde belent maksatlardan ugur alyp, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, tutuş ýurdumyzy gurşap alýan iri senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap şäherleridir obalary gurup, berkarar döwletimizi gülledip ösdürýäris, ähli ugurlar boýunça ösüşleri hem-de ägirt uly öňegidişlikleri gazanýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň, aýlarynyň, ýyllarynyň bagtyýarlyga, rysgal-berekede, rowaçlyklara, beýik ýeňişlere hem-de üstünliklere beslenmegine, Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň dünýä dolmagyna mynasyp goşant goşmak uly mertebedir.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Gurban baýramy günlerinde amal ediljek tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap beriljek sadakalar, okaljak aýat-töwirler, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, külli adamzadyň bagtyýar we parahat durmuşynyň bähbidine ediljek doga-dilegler Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy №10123191 belgili bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalary kabul etmegiň deslapky tapgyrynyň başlandygyny habar berýär. Taslama enjamlary düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary bermegi we zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligini göz öňünde tutýar diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklibi goldady
23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmak bilen bagly teklibi goldady
16-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda nebitgaz toplumynyň işi boýunça meýilnamalary makullady
9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugalumlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.