Ýurdumyzda ilkinji “akylly” Arkadag şäheri açyldy
29-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralara badalga berildi.
Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglerine, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Meselem bu ýerde şäher köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri – elektrobuslar we elektrotaksilar hereket eder. Şeýlelikde Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk we inžener-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär.
Ir bilen “Akhan” binasynyň ýanyndaky meýdançany ählihalk baýramçylygynyň şowhuny gurşap aldy. Bu ýerde ýurdumyzda ilkinji “akylly şäheriň” açylyşy mynasybetli dabaralara badalga berildi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen mübäreklediler.
Meýdançada Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmanlar bilen ady rowaýata öwrülen Akhan bedewiniň keşbini janlandyrýan binanyň ýanyna bardylar we ony açdylar.
Mälim bolşy ýaly, şöhratly ahalteke tohumynyň ajaýyp wekili bolan Akhan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça gurulan we täze şäheriň bezegi bolan bu özboluşly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy milletimiziň buýsanjy – behişdi bedewlere ählihalk söýgüsiniň nyşanydyr.
“Akhan” binasynyň üstüni örtýän örtük aşak düşürlende dürli reňkli howa şarlary dabaraly saz astynda ýokary uçuryldy we binanyň esasynda bolsa suw çüwdürimleri işläp başladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we belent mertebeli myhmanlar Arkadag şäheriniň Baş meýdançasyna bardylar.
Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we Watanymyzyň Döwlet baýdagy ýokaryk galdyryldy.
Şeýle hem dabaralaryň çäklerinde «Arkadag» binasynyň açylyşy boldy.
“Akylly” şäher tehnologiýasy ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary “Smart-сity” konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr.
Ol Internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň we howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň işini awtomatik we sazlaşykly üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini aralykdan, mysal üçin, smartfonuň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Täze şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli Interneti ulanmaga mümkinçilik berdi. Ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi.
Şeýle hem Arkadag şäheriniň gurluşygy we onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we professor-mugallymlar düzümi üçin nazaryýet bilimlerini, ukyplaryny, täzeçil tekliplerini we pikirlerini iş ýüzünde ulanmagyň özboluşly mekdebine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň nygtýaşy ýaly, ýaş nesil Watanymyzyň geljegidir, onuň okgunly ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda ýaşlarymyzy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny we iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, täze şäherde birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde “akylly” ulgamyny goldamak işlerini amala aşyrdylar. Şunuň bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilim ulgamy üçin sanly çözgütler işlenip taýýarlanyldy.
Arkadag şäherinde şeýle hem ilkinji gezek täze “123” gullugy işe girzildi. Munuň özi degişli dessin gulluklary, şol sanda gaz we ýangyn howpsuzlygy, tiz kömek gulluklaryny çagyrmagyň bitewi belgisidir. Şeýlelikde, “123” gullugynyň işi adatdan daşary ýagdaýlarda zerur kömegi bermäge we öňüni alyş çärelerine gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde 336 sany medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar guruldy.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly şäheriň” aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň “Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwanamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz we belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlar täze binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň toplumynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlar bilen Ruhyýet köşgünde dabaraly maslahata gatnaşdylar. Bu ýerde Arkadag şäheriniň dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan sylag gowşurmak dabarasy geçirildi.
Soňra bolsa, türkmençilik däp-dessuryna eýerip, toý sadakasy berildi.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.