Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösýändigini görkezýär

9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Şolar halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösýändigini görkezýär.
Hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy.
Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4 göterim artdy.
Şu ýylyň 9 aýynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 22,2 milliard manada deň boldy.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 259 desganyň 16-synda gurluşyk işleri tamamlandy, 163-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde milli Liderimize “Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky” Kararyň, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyny döretmek hakyndaky” Kararyň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen Kararlaryň taslamalaryna gol çekdi we wise-premýere resminamalarda göz öňünde tutulan işleriň talaba laýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2020-nji ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, şu ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 109,4 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 91,2 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.
2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerli býujetler boýunça girdejiler 109,2 göterim, çykdajylar bolsa 97,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe balans toparlarynyň 83 mejlisi, şol sanda sebitleriň balans toparlarynyň 68 mejlisi geçirildi.
9 aýyň dowamynda döwlet emläginiň 53-si hususylaşdyryldy we Döwlet býujetine 126,1 million manat möçberindäki serişdeler geçirildi. Şeýle hem döwlet emläginden alnan kärende tölegi 122 million manada deň boldy.
Üç çärýegiň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 21,3 göterimine barabar boldy.
Hasabat döwründe 2020-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy 63,5 göterim ýerine ýetirildi. 9 aýyň netijeleri boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 54,2 göterimi önümçilik hem-de 45,8 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.
Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş - durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” kesgitlenen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa 2020-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gazanan ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köp görnüşleriniň önümçiliginiň mukdarynyň ýokarlanandygy hasaba alyndy.
Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde oňyn netijeler gazanyldy. Önüm öndürilişiniň düzüminde hususy işewürligiň paýy 66,9 göterime barabardyr.
Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň 2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alyp baran işleri, olaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen görlen anyk çäreler barada, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dokuz aýda ýurdumyzyň banklary tarapyndan hojalyk edaralaryna berlen karz serişdeleriniň möçberi 15,3 göterim, döwlete degişli bolmadyk ulgama berlen karzlaryň möçberi 20,5 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň möçberi 41,9 göterim, hususy telekeçileri goldamak üçin berlen ýeňillikli karzlaryň möçberi 3,9 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem nagt hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, görülýän çäreler barada hasabat berildi. Hasabat döwründe bankomatlar, terminallar, Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda ulgamlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 2019-njy ýylyň şol döwründäkisi bilen deňeşdirilende, 2,86 esse ýokarlandy.
Merkezi bankyň ýolbaşçysy ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hasabyna harytlaryň eksporty we ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin daşary ýurt pul serişdeleriniň gelip gowuşmagyna degişli meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet Baştutanynyň orunbasary G.Müşşikowa we beýleki wise-premýerlere ýüzlenip, ýerine ýetirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pandemiýa zerarly ýüze çykan häzirki kynçylyklara garamazdan, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleri dowam etmek zerurdyr.
Ykdysadyýetimizi (şol sanda energiýa serişdeleriniň bazaryny) liberallaşdyrmak, bäsdeşligi ösdürmek, işewür ýagdaýlary gowulandyrmak, ykdysadyýetimizde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak boýunça başlanan işleri hem dowam etmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Bu bolsa, ýurdumyzda orta möhletli geljekde daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymyny durnukly artdyrmaga ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şu wajyp ugurlar boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.


Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.

Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.