Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere ýangyç-energetika pudagyndaky kemçilikleri düzetmegi tabşyrdy
9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer M.Meredow dokuz aýda nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak boýunça meýilnamanyň 101,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,6 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 106,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 106,9 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 123,6 göterim ýokary boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýangyç-energetika toplumynyň işinde bar bolan kemçiliklere ünsi çekdi. Çig nebitiň çykarylýan möçberi artmaýar, onuň ýarysy eksporta gidýär. Şonuň bilen birlikde, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwaty uzak wagtdan bäri bary-ýogy 40 göterim möçberde ulanylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmak barada aýdyp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýangyç-energetika pudagyndaky işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de kemçilikleri düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa käýinç yglan etdi.
Ussat news
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.