Türkmenistanda iş gözlemek üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasy işe girizildi
09:11 02.10.2023
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş gözleýänler üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasyny işe girizdi.
“Wakant” – web-saýty we ykjam telefonlar üçin programmany öz içine alýan doly derejede işleýän onlaýn-platforma. Onuň kömegi bilen iş gözleýänler aňsatlyk bilen özlerine laýyk gelýän boş iş orunlaryny tapyp we olara ýüz tutup bilerler. Şol bir wagtyň özünde, iş gözleýänler özleriniň taýýar rezýumelerini ýükläp bilerler ýa-da rezýumelerini platformanyň kömegi bilen aňsat döredip bilerler.
Iş berijiler üçin bolsa bu platforma Türkmenistanyň öňdebaryjy kadrlar agentlikleriniň professional hyzmatlary bilen peýdalanmaga mümkinçilikler döredýär.
Platformanyň ähli hyzmatlary iş gözleýänler we iş berijiler üçin mugt ýerine ýetirilýär.
Bu makalanyň çykýan döwürinde platformada 450-den gowrak boş iş orunlar barada maglumat berilen.
“Wakant” onlaýn-platformasynyň web-saýtyna link http://wakant.com.tm/
Ykjam telefonlar üçin programmany Siz şu aşakdaky linkler boýunça girip ýükläp bilersiňiz.
Google Play: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.my.wakant
App Store: https://apps.apple.com/tm/app/wakant/id6446488724
USAID-iň YDA Taslamasy «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) Türkmenistanda işleýän okuw merkezleri, kadrlar agentlikleri, konsalting kompaniýalary we beýleki kompaniýalary “TechYouth Bootcamp” maksatnamasyny Aşgabatda we welaýatlarda bilelikde amala aşyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyga çagyrýar.
USAID YDA Taslamasy tejribelige çagyrýar
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş bilen üpjün etmek hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary üçin stažýorlary kabul edýär. Stažýorlar “Wakant” iş orunlar onlaýn-platformasyny ornaşdyrmagyň üstünde kadrlar agentlikleri bilen işleşerler.
USAID-iň YDA taslamasynyň «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy Mary welaýatynda amala aşyrylyp başlanýar
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde guraýan «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy boýunça okuw kurslarynyň Mary şäheriniň Aga Hanjaýew köçesiniň 15-nji “A” jaýynda ýerleşýän okuw binasynda geçirilýändigini we oňa gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň başlanýandygy barada habar berýär.
Продаём саженцы красных и белых голландских роз, винограда без косточек, вишни и
Продаём саженцы красных и белых голландских роз, винограда без косточек, вишни и
Doňdurylan iç-goşsuz ördek jüýjesini hödürleýäris
Doňdurylan iç-goşsuz ördek jüýjesini hödürleýäris.