ÝARAGLY GÜÝÇLER — ASUDALYGYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI

Ine, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ata Watanymyz Türkmenistanda Ýaragly Güýçlerimiziň döredilmeginiň 29 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni uludan tutuýarl. Bu baýram döwletimiziň Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini hem-de konstitusion gyrluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana Watan Goragçylary bolan türkmen gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän bimöçber aladalaryň aýdyň subutnamasyna öwrüler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary barada edilýän ýadowsyz aladalaryň netijesinde Ýaragly Güýçlerimiz häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjin edilen ykjam Milli goşun derejesine ýetdi. Çünki, Ýaragly Güýçlerimiz Watanymyzyň mukaddes serhediniň ygtybarly goragynyň, eldegrilmesizliginiň, halkmymyzyň parahat durmuşynyň kepili bolup durýar.
Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk derejesine, Hormatly Prezidentimiziň parasatly parahatçylyk söýüjilikili syýasatyna ygraraly bolan Milli Ýaragly Güýçlerimiz sebitde durnuklylygyň daýanjyna öwrüldi. Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan 2016-njy ýylda kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinada ýurdumyzyň howpsuzlygynyň, Milli goşuny has-da ösdürmegiň we döwrebap kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmagyň, harby bölümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmegiň hem-de berkitmegiň maksatnamasy beýan edilýär. Milli Goşunyň üpjünçiligi häzirki zaman harby tehniklarynyň gelip gowuşmagy esasynda harby gullukçylaryň tehniki taýdan ýokary taýýarlygynyň bolmalydygyny talap edýär. Şonuň bilen baglylykda, Goranmak ministrliginiň ýokary harby-okuw mekdeplerinde şeýle hem beýleki okuw merkezlerinde ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminde döwrebap söweşjeň uçarlar, dikuçarlar söweşjeň awtoulaglar ýokary derejeli kämil harby tehnikalaryň dürli görnüşleri bar. Bularyň hemmesi iň döwrebap tehniklardyr. Bu tehniklary ulanmak öz işiniň ussady bolan ýokary derejeli, sowatly hünarmenleri talap edýär. Şol babatda, Goranmak ministrliginiň Harby instituty, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebi hem-de beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdepler harby ugurdan kämil derejede ýetişýän ussat hünärmenleri taýýarlaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz: «Diňe hemmetaraplaýyn bilimli, tehniki we syýasy taýdan sowatly harby hünärmen ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizliginiň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çäk taýdan bitewüliginiň kepili bolup biler» diýip belläp geçýär. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň parahatsöýüjilik ýörelgelerini dowam edip we olary kämilleşdirip, Watansöýüjiligiň ýokary nusgasyna öwrülen merdana Watan goragçylarymyz babatda ýurdumyzda uly işleriň alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.

Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.

Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar
Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar
Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.

Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)
Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: