Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesi — her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni türkmeniň watansöýüjiliginiň, mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň mertebe baýramyna öwrüldi. Watan goragçylarynyň güni döwletimiziň Garaşsyzlygyny, parahat durmuşyny, çäk bitewüligini gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň we çäksiz hormatyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda geçiren ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde milli goşunyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň goragynda sak durmalydygyny hem-de Türkmen döwletiniň harby-syýasy strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmalydygyny belledi. Şunlukda bu strategiýanyň esasy mazmuny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy nazara alnyp işlenip taýýarlanylan, goranyş häsiýetli Harby doktrinadan hem-de alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrumyzdan ybaratdyr.
Türkmenistan Diýarymyz üçin Watany goramak, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek iňňän wajyp wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz: «Özüne hormat goýýan islendik döwlet özüni goramagy başarmaga borçludyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň niýetlenişi hem şundan ybaratdyr» diýip, jaýdar belläp geçýär. Bu gün Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri öz asmanyny, öz topragyny, öz serhedini gözüniň göreji ýaly goraýar. Watan mertebesi ähli belentliklerden ýokarydyr. Onuň goragy bolsa ata-baba mukaddeslik saýylypdyr. Ata Watany goramak türkmen ýigidine diňe bir borç bolman, eýsem, ol her birimiziň perzentlik mertebämize mynasyp bolmagymyzdyr.
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar, olara harby we ýörite atlar dakylýar hem-de hünär derejeleri berilýär. Watana söýgüsi, onuň goragy ugrunda yhlasly zähmeti göz öňünde tutulyp, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan merdana ýigitlerimiziň dogumly gadamlaryny synlanyňda, söýgä, mähre ýugrulan, uçganaklap duran gözlerini göreniňde, halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek ýaly belent borjuň ýüreklere çaýýan nuruny mesaňa duýmak bolýar. Dabara gatnaşyjylaryň: «Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gulluk edýärin» diýen wepalylyk kasamy olaryň her biriniň kalbynyň çuňlugyndan gaýdýar hem-de Watana hyzmat etmegiň beýik nusgasy bolup ýaňlanýar.
Türkmeniň watansöýüjilik mekdebi özüniň gözbaşyny taryhyň gatyna siňip giden gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Biziň şöhrat-şana beslenen juda baý taryhymyz bar. Geçmişde «taryhyň atasy» hasaplanylýan Gerodotdan başlap, türkmenleriň söweş sungaty, olaryň mertligi, batyrlygy, edermenligi, söweşjeň atlaryny terbiýelemekde deňsiz-taýsyzdygyny ýazyp, bize miras goýan taryhçylar, jahankeşdeler sanardan köpdür.
«Gorkut ata» şadessanynyň ähli gahrymanlary söweşde mertlik görkezip, at alýarlar. «Döwletýardan» başlap, dessanlarymyzyň aglabasy hut türkmen edermenliginden söz açýar. Batyrlyk, mertlik, edermenlik, watanparazlyk Baýram han, Ýunus Emre, Şabende, Andalyp, Zelili, Seýdi ýaly şahyrlarymyzyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsinde bolsa Watana söýgi ýörite bir nusgalyk mekdepdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlaryny kanagatlylyk, salyhatlylyk, dogry sözlülik, mertlik, wepalylyk, lebzihalallyk ýaly onlarça häsiýetler bezeýär. Bu häsiýetleriň ählisiniň kämillik derejesine ýetmeginiň sebäbi onuň taryhy kökleriniň çuňlugyndan bolsa gerek.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly ajaýyp kitaplary harby ýaşlarymyzyň ýan kitabyna öwrüldi. Olaryň birinde Serkerde Arkadagymyz: «Dünýäde iň ygtybarly we zerur baýlyk parahatçylyk bolup durýar» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, 2021-nji ýylyň şygarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip saýlanyp alynmagynda uly many bardyr. Bu gün şol baýlygy gözüniň göreji deý goraýan Watan goragçysy — Watan ogludyr, il ogludyr. Ol ar-namyslydyr. Ol gaýratlydyr, edermendir. Ol Garaşsyz, baky Bitarap Watanyna gulluk edýändir, eziz Diýarynyň parahat durmuşynyň, halkynyň asudalygynyň hatyrasyna serden geçmäge taýýardyr.
Oraznazar HEŞDEKOW,
USSAT NEWS.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.

Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.

Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar
Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar
Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.

Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)
Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: