Peýdaly maslahatlar

Çaganyň akyl başarnygyny ösdürmek

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6328/original-16554b8da26d06.jpeg

Çaga terbiýesi durmuşyň hem-de jemgyýetiň möhüm bölegi bolup durýar. Terbiýe ýaş nesliň ilkinji günlerinden başlanýar diýsek ýalňyşmarys. Bu wajyp meselede fiziki, ruhy hem-de akyl taýdan ösüş çaganyň terbiýesiniň esasyny düzýär. Ýaş nesli durmuşa ugrukdyrmakda, sözleýiş, özüňi alyp barmak medeniýetini ösdürmekde akyl başarnygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Her bir sapagyň netijeli bolmagy çaganyň akyl ýetiriş ukybyna hem bagly bolup durýar. Şonuň üçin ene-atalar, terbiýeçilerdir mugallymlar çaganyň akyl başarnygyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýärler. Bu ugurda netijeli okuw-terbiýeçilik usullarynyň kemala gelendigini aýratyn bellemelidiris. Olardan käbiri barada durup geçmek peýdaly bolsa gerek.

Çaga 6 aýlyk döwründe ilkinji dürli suratly bezelen kitaplar bilen tanyşdyrmak we ony okap bermek bolar. Şu döwürde dürli şekilli oýunjaklar onuň ösüşinde has-da peýdalydyr. Bir ýaşly çagada daşky gurşawy öwrenmek islegi artyp ugraýar. Bu ýaşda çaga bilen köpräk gürleşmeli, sowallary bermeli. Iki ýaşly çagada sözleýiş endikleri işjeňleşýär, onda beýleki çagalar bilen gatnaşyklar, tanyşlyk we bilelikdäki oýunlar peýdalydyr. Üç ýaşynda çaganyň akyl ýetiriş ukyplarynyň ösüşini tizleşdirmek üçin olary ýörite gurnaklara gatnatmak bolar. Bu ýaşda surat, çyzgy, tans, sazçylyk ýaly ugurlar peýdalydyr.

Hünärmenler çagany belli bir ugur boýunça ösdürmegi maslahat berýär. Ýagny, irki ýaşlarda okuw sapaklaryny öňde tutup, çagany fiziki işlerden, hereketli oýunlardan çetleşdirmek ýalňyş hasaplanýar. Çaga 4-5 ýaşlarynda daşary ýurt dillerini öwredip başlamak mümkindir. Bu onuň dünýägaraýşynyň, düşünjesiniň giňemegine peýdaly bolup, täze diliň çalt özleşdirilmeginde netijelidir.

Çaganyň 4-5 ýaşa çenli döwri onuň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde esas bolup durýar. Bu döwürde ene-atalar hem-de mugallym-terbiýeçiler çaga terbiýesine hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmelidirler. Belli pedagoglaryň belleýşi ýaly, çaganyň ýekeje güni hem peýdasyz, ýöne geçmeli däldir. Çaganyň ösüşinde aýdym-saz, sungat, sport möhüm orny eýeleýär. Döredijilik pikirlenmegiň, akyl ýetirmegiň hem-de zähmetiň miwesini emele getrýär. Hut şonuň üçin ýaş nesliň gündelik durmuşyny kiçijik açyşlar, oýlaptapyşlar gurşap almalydyr.

Gülşirin ALLAGULYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki 98-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.