Gazçylaryň baýramçylyk zähmet sowgatlary
«Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary welaýatyndaky edara-kärhanalarynyň gazçylary döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän şanly 28 ýyllyk baýramçylygyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe zähmet sowgatlary bilen barýarlar.
Gazçylar tarapyndan Mary welaýatynyň çägindäki gaz känlerinden birbada iki guýudan tebigy gazyň alynmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylary gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 312-nji belgili ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny alyp, ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar guýynyň buraw işlerini 4 müň 590 metr çuňlukda ýerine ýetirdiler. Gazçylar 4 müň 527 — 4 müň 315 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi 130 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 1 million 700 müň kub metrden köpräk tebigy gaz berýär.
Bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde «Galkynyş» gaz käniniň geologik hem-de tehniki häsiýetlerine gabat gelýän Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary tehnologiýaly ýerasty enjamlary giňden ulanyldy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary bolsa Tagtabazar gaz käniniň 29-njy belgili ulanyş, baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Olar özlerine berilýän kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplanylan baý iş tejribesi arkaly guýynyň buraw işlerini 1 müň 940 metr çuňluga ýetirdiler hem-de 1 müň 893 — 1 müň 883 metr çuňlukdaky aralykdan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny aldylar. Bu guwandyryjy zähmet üstünligi burawlaýjylaryň birnäçe aýyň dowamynda egin-egne berip, agzybirlikli çeken zähmetiniň miwesidir.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde iki ýüz ýigrimi alty müň dört ýüz kub metr tebigy gaz berýär. Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz arassa bolmagy bu ýatagyň «mawy ýangyjynyň» iň esasy aýratynlygydyr. Bu bolsa şu ulanyş, baha beriş guýusyndan alynjak tebigy gazyň hili babatynda dünýä derejesiniň ölçeglerine laýyk bolmagyny şertlendirýär. Elbetde, bu gaz guýusynyň önüminiň ykdysady taýdan bähbidiniň ýokary boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.
Ussatnews.com.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.