HÄZIRKI ZAMAN ÖSÜŞLI ÝOL

19:56 23.11.2023

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6360/original-1655f6826b2abe.jpeg

Ata Watanymyz Türkmenistan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ajaýyp özgertmeleri netijesinde dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Mähriban Diýarymyzyň dünýäniň ählumumy energetika howpsuzlygyna goşant goşýan ýurt hökmünde syýasy hem-de ykdysady abraýy has-da artýar. Şundan ugur alnyp, uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini, mähriban Watanymyzyň içinde we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmak babatda köp işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynyň ýokary depginlerde ösdürilmegine uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde, täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär, alynýan nebitiň we gazyň mukdary, olary gaýtadan işlemekden dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberi artdyrylýar. Türkmenistan dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar, pudagyň kärhanalary döwrebap enjamlar, öňdebaryjy sanly we ekologik taýdan arassa tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Nebitgaz toplumynyň işine ylmyň iň täze gazanylanlary ornaşdyrylýar. Ugurdaş düzümler giňeldilýär, täze iş orunlary döredilýär. Bularyň ählisi Türkmenistany kuwwatly ykdysadyýeti bolan, senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam berýär.

Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasy yzygiderli durmuşa geçirýär. Nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär. Türkmenistan — Hytaý trasmilli gaz geçirijisiniň amala aşyrylan gurluşygy, gazhimiýa toplumlarynyň, geljegi uly täze düzümleýin taslamalaryň gurulmagy munuň aýdyň mysallarydyr.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna köpugurly esasda ugratmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmakdaky uly işler üstünlikli alnyp barylýar. Bu gaz geçirijiniň gurluşygy hem-de täze sebitleriň we bazarlaryň halkara energetika ulgamyna çekilmegi sebitde senagat önümçiligine goşmaça itergi berer, söwdanyň ösmegine, maýa goýumlarynyň artmagyna, täze iş orunlarynyň döremegine ýardam eder.

Ýangyç çig malynyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan Watanymyz özüniň ägirt uly serişdeler kuwwatyny tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga çalyşýar. Şu maksat bilen ýangyç serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, olary gaýtadan işlemek arkaly alynýan, isleg bildirilýän önümleriň möçberlerini giňeltmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Beýleki pudaklaryň ählisi ýaly, ýangyç-energetika toplumy hem innowasion ösüşiň täze tapgyryna geçýär.

Gulcar MERGEHOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.