Makalalar

Sergeý Lazarew joşgunly türkmen tomaşaçysynyň öňünde dyza çökdi (Arhiwdan 2014 ýyl)

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6520/original-165953ddc0ebdf.jpeg

Rus estradasynyň ýyldyzy Sergeý Lazarewiň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda guralan çykyşy diýseň uly şowhun döredip, tomaşaçylaryň müňlerçesinde gyzyklanma döretdi. Diňe bir paýtagtymyzdan däl, eýsem welaýatlardan hem ýörite konserte gelen adamlaryň sany 8 müňden geçip, olar söýgüli artistlerini dowamly we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Ýerine ýetiriji eýýäm ilkinji aýdymlaryny aýdyp başlanda ýeňillik bilen zaldaky adamlaryň söýgüsini gazanmagy başardy. Çykyşlaryň dowamynda tomaşaçylar gowy görýän aýdymlaryny Lazarew bilen bilelikde ýerine ýetirip, ondan aýratyn lezzet aldylar. Sergeý Lazarew interwýu beren mahaly öz döredijiligini Türkmenistanda şeýle gowy bilýändiklerine geň galandygyny we özüni şeýle mähirli garşylandyklaryna şatlygynyň çäginiň ýokdugyny gürrüň berdi.

Ol Watanyna dolanyp baranyndan soňra öz “Twitterinde” türkmenistanly tomaşaçylary ýatlap şeýle ýazýar: “Aşgabat. 8 müň tomaşaçy “Ýatlama” («Вспоминай») diýen aýdymy bir adam ýaly bolup ýerine ýetirdi!!! söz ýok!!! sag boluň!!!”, “Şowhunly konsertiň ahyrynda türkmen milli eşigini sowgat berdiler!!! bu uly sarpa!!! sag boluň!!! Maňa gowy gelişdimi?

Türkmenistanlylar Sergeý Lazarewiň “Twitterde” ýazan setirlerini okap, Watanymyza, halkymyza bolan uly buýsanjy başdan geçirdiler. Sebäbi biz meşhur artisti mynasyp garşyladyk we onda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdyk.

Konsert tamamlanandan soňra Sergeý Lazarew özünde galan täsirleri bilen paýlaşdy.

-Sergeý, siziň şu konsertden göwnüňiz bitdimi?

-Örän gowy. Birinjiden, Türkmenistanda maňa we meniň döredijiligime nähili garaýandyklaryny gördüm we duýdum. Konserte 8 müňden gowrak adam gelendigi, olaryň hemmesiniňem meniň aýdymlarymy bilýändigi we özüm bilen bilelikde ýerine ýetirendigi kän zatdan habar berýär. Meniň pikirimçe, islendik aýdymçy hem muşdaklary şeýle derejede hormat goýanda özüni bagtly duýar. Çykyşymyň dowam edýän mahaly bu akýürekli we myhmansöýer halka minnetdarlygymy bildirmek üçin joşgunly türkmen tomaşaçysynyň öňünde dyza çökdüm.

-Sergeý, sen şähere aýlanyp gördüň, biziň paýtagtymyz özüňde nähili täsirler galdy?

-Dogrymy aýtsam, şähere aýlanmaga mümkinçilik bolmady. Aeroportdan myhmanhana, myhmanhanadanam konserte geldim. Ýöne ulagda barýan wagtym şäheri synlap, Aşgabadyň owadan, arassa we häzirki zaman şäheridigine göz ýetirdim.

-Sergeý, siz tanymal artist. Dünýäniň kän ýurtlarynda konsert zallaryny dolduryp çykyş etdiňiz. Aşgabada ýene-de konsert üçin gelesiňiz gelýärmi?

-Elbetde. Türkmen tomaşaçysy maňa diýseň ýarady. Olaryň açykgöwünliligini we myhmansöýerligini hemişe ýatlap gezerin.

-Ýurdumyzyň raýatlaryna nähili arzuwlaryňyz bar?

-2015-nji ýylda hemme arzuwlarynyň hasyl bolmagyny isleýärin.

-Sergeý, bizem Siziň ähli arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny dileg edýäris.

Interwýu berenligiňiz üçin sag boluň!

Söhbetdeş bolan Ussa USSAÝEW,

ussatnews.com elektron gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.


1682eb899de9c6.jpeg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.


1682339af97470.jpeg
Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar

Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: