Habarlar

MÖWSÜMLEÝIN KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK MÖHÜMDIR

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6519/original-165965af18508a.jpeg

Howanyň sowamagy bilen gyş aýlary ýiti respirator ýokanç keseller köpelýär. Keseliň esasynda dem alyş ýollary zeperlenýär. Kesel sebäpli adamda gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklyk döreýär. Kesel agyr geçen ýagdaýynda ýürek-damar, dem alyş we merkezi nerw ulgamlary zeperlenýär we agyr gaýrüzülmeler ýüze çykýar. Ýiti respirator ýokanjy çagalarda iň köp duş gelýän keseldir. Bu keselde, esasan hem, ýokarky dem alyş ýollary zeperlenýär. Bu kesel gowşak, immuniteti pes çagalarda has köp duş gelýär.

Kesel howa, damja arkaly we galtaşma üsti bilen geçip biler. Ýiti respirator ýokanjy kliniki alamatlarynyň örän basym ýüze çykýanlygy bilen häsiýetlidir. Ilkinji 24 — 36 sagatda bedeniň gyzgyny ýokary derejä galýar. Göz almasynyň hereket edilende agyrmasy, myşsalaryň we bogunlaryň agyrmasy, ýürek bulanma we gaýtarma, gan basyşynyň düşmegi bolup biler. Gury üsgürme bolmagy mümkin, burnunyň dykylmasy, keselländen birnäçe sagat geçenden soň ýüze çykyp biler.

Gyş paslynda ýiti respirator kesellerinden goranmak maksady bilen kesel dörediji wiruslar dem alyş ýollary arkaly bedene aralaşmaz ýaly, oksolin melhemini öýden çykanyňyzda burnuň nemli bardasyna çalmaly; sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň; elleriňizi hemişe arassa saklaň; şahsy arassaçylyk kadalaryny berk berjaý ediň; gök, bakja önümlerini köpräk iýiň; gyş paslynda howanyň durnuksyz, ýagny ýygy-ýygydan üýtgäp durýanlygy sebäpli pasla görä geýinmek möhümdir; öýleriň içinde yzygiderli arassalaýyş işlerini geçirip durmalydyr; penjireleri açyp, otaglary ýelejiretmeli; lukmanyň görkezmesi boýunça saglyk barlaglaryndan geçmeli; lukman bilen maslahatlaşmazdan ulanylan derman serişdeleri gaýrüzülmeleriň dürli görnüşlerine getirip biler; gyş paslynyň aýazly howasynda aýakgaplaryňyz rahat, ýyly bolmaly; çagalaryň aýaklarynyň ýyly saklanmagyna mydama gözegçilik etmeli; ýokanc däl keselleriň düzümine girýän täze döremeleriň ýurdumyzda ýola goýlan irki anyklaýyş barlaglaryndan öz wagtynda geçmeli.

Berilýän maslahatlardan görnüşi ýaly, keselçilikden goranmak köp halatlarda özümize baglydyr.

Aknabat NAZAROWA,

Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw ylmy merkeziniň kabul ediş bölüminiň bölüm müdiri.

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.