Makalalar

Aman Kadyrow - Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/656/original-16018212637918.jpeg

Estrada aýdymçysy Aman Kadyrow bu gün halypalyga ýetişen ussat aýdymçylaryň biri. Beýleki aýdymçylar ýaly, ol hem ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşlerini, özgerişlerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-halk, döwlet, bütin adamzat bähbitli işlerini wasp eden aýdymçydyr. Onuň dutar çalyp, toý-baýramlarda türkmen halk dessanlaryndan bölekleri joşgun bilen ýerine ýetirmegi, halk aýdymlaryny estrada äheňinde sazlaşdyryp aýtmagy aýdymçynyň dürli ýaşdaky diňleýjileriň kalbynyň çuňlugyna aralaşmagyna ýardam berýär.

Biz habarçymyzyň belli estrada aýdymçysy Aman KADYROW bilen aýdym-saz hakyndaky söhbetdeşligini okyjylarymyza ýetirýäris.

– Aman, söhbetimizi ynsanyň göwün syrdaşy bolan aýdym-saz sungatyna gelşiňizden başlaýaly!

– Aýdym-saz sungatynda meniň ilkinji gözümiň açylan ýeri Türkmengala etrabynyň çagalar sungat mekdebi boldy. Men birnäçe ýyl şol mekdebiň dutar bölümine gatnadym. Şol ýyllarda mugallymlarymyzyň yhlas bilen öwretmeklerinde saz çalmagyň ilkinji endiklerini ele aldym. Çagalyk ýyllarymda teleýaýlymlarda, radioýaýlymlarda ussat bagşy-sazandalarymyzyň aýdýan aýdymlary, çalýan şirin mukamlary meni özüne bendi edýärdi. Türkmeniň milli aýdym-saz sungatynyň ägirtleri Nobat bagşynyň, Girman bagşynyň, Sahy Jepbarowyň, Durdy Myradowyň, Gurt Ýakubowyň, Durnazar Hudaýberenowyň, Amannazar Ataýewiň aýdym-sazlaryny, dessanlaryny lezzet alyp diňleýärdim. Şol wagtlar dutaryň kakuwlaryny, perdeleriň tutulyşyny teşnelik, bilesigelijilik bilen öwrendim. Bu bolsa halk saz gurallarynyň ýanynda halk aýdymlaryny, türkmen halk dessanlaryndan bölekleri aýtmagyma giň ýol açdy.

– Aýdym-saz sungatynda halypalyk goldawyny beren ilkinji halypaňyzy ýatlaýsaň!

– Men aýdym-saz sungatyny manyly ömrümde özüme kesp-kär edindim. Şu ugurda Türkmenistanyň at gazanan artisti, ussat sazanda Durnazar Hudaýberenow meniň ilkinji halypam boldy. Ol bu jadyly senedi çalmagyň inçe tilsimlerini ýadawsyzlyk bilen öwretdi.

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Öwezmyrat Gandymowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nepes Meredowa, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň türkmen sazy bölüminde okan döwrümde milli sungatymyzyň inçe syrlaryny, özboluşly aýratynlyklaryny içgin öwreden mugallymymyz, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Durdyguly Annaýewe hemişe aýratyn hormat goýýaryn.

– Aman maşgalaňyzda ogul-gyzlaryňyzdan siziň kesbiňize eýerýän barmy?

– «Ata kesbi – ogla halal» diýleni. Ogullarymam, gyzlarymam meniň kesbime eýerdiler. Kesbimiň dowamat-dowam boljakdygyna men begenýärin. Men olara halypalyk goldawyny berýärin. Uly oglum Söhbet Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlap, häzir Türkmengala etrabynda aýdym-saz mugallymy bolup işleýär. Söhbediň teleýaýlymlarda ýerine ýetirýän hoş owazly aýdymlary aýdym-saz muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşy alynýar.

Gyzym Gunça şol ýokary okuw mekdebini tamamlap, häzir Mary welaýatyndaky Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde mugallym bolup zähmet çekýär. Ikinji oglum Sazak hem aýdym-saz sungatyny saýlap aldy. Ol Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlagy.

Kiçi oglum Serdar hem aýdym-saz ugrundan ýörite bilim almaklygy maksat edinýär. Ýeri gelende aýtsak, ýanýoldaşym Gültäjiňem sungatdan başy çykýar. Bir söz bilen aýdylanda aýdym-saz sungaty biziň maşgala agzalarymyzyň hemrasy.

– Siz estrada aýdymlaryna ýykgyn edýärsiňizmi ýa-da bagşyçylyk sungatyna?

– Meniň çagalykdan saýlap, höwes bilen çalyp öwrenenim dutar senedi. Şonuň üçin dutar, bagşyçylyk meniň hemişelik hemram. Ýöne, aýdym-saz sungatynda ýol goýan ussat estrada aýdymçylar Mämi Çaryýewiň, Öwezgeldi Tekäýewiň, Annaberdi Atdanowyň, Nurýagdy Tokgaýewiň, Gurban Gummanowyň, Bally Hajyýewiň ýerine ýetiren aýdymlaryny gaýta-gaýta diňlänimden soň, mende estrada aýdymlaryny-da aýtmak höwesi döredi. Aslynda milli saz gurallarynda-da, estradada-da ýerine ýetirýän aýdymlarym halkymyzyň milliligine, milli ruha ýugrulandyr.

– Aman, siz «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň dörän ilkinji ýyllarynyň ýeňijisi, bu gün bolsa halypalyga ýetişen estrada aýdymçy hökmünde aýdym-saz sungatyna täze gelýän ýaşlara berjek maslahatyňyzy hem diňläýsek!

– Halkymyzyň gadymyýetden gözbaşyny alyp gaýdýan milli sungaty bar. Her bir ýaş aýdymçyda bu beýik sungata hakyky ygrarlylyk gerek. Milli sungatymyzyň ussat halypalarynyň her biriniň geçen döredijilik ýoly, olaryň aýdym-saz senedinde ulanan usullary, tärleri ýaşlar üçin hakyky nusgalyk.

Hormatly Prezidentimiz özüniň «Ile döwlet geler bolsa» atly we beýleki gymmatly kitaplarynda bagşyçylyk ýollaryndaky halypa-şägirtlik gatnaşyklary dogrusynda özüniň öwüt-ündewlerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň şol gymmatly maslahatlary ýaş aýdymçylar, bagşylar üçin ýol-ýörelgedir.

Bagtyýarlyk zamanamyzda ýurdumyzda dürli aýdym-saz bäsleşikleri geçirilýär. Şol bäsleşiklerde aýdym aýtmagyň endiklerini ele alan ýaş zehinler ýüze çykýar. Men olara aýdymçy halypalardan ýadawsyz öwrenmeklerini, sungat äleminde öz ýollaryny tapmaklaryny arzuw edýärin.

Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykýan Türkmenistan döwletimizi gülletmekde we dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan belent işlerini wasp edip, şeýle hem ýurdumyzda toýlanyljak baýramlarda joşgun bilen aýdymlary ýerine ýetirmegi maksat edinýärin. Halkymyzyň abraýyny arşa galdyrjak bu ýylda ildeşlerimiziň her birine üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin

– Aman, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Sungat äleminde size täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

— Sag boluň!

                                                       Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,

                                                                            USSAT NEWS.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.