Habarlar

Türkmenistan “Mosfilmiň” 100 ýyllyk taryhynda

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6590/original-165b0009087949.jpeg

Russiýanyň iri “Mosfilm” kinostudiýasy 2024-nji ýylyň ýanwarynda 100 ýyllygyny belleýär. Kinofabrigiň şanly taryhynda türkmen sahypalary bolup, olar rowaýata öwrülen kinofilmleriň surata düşürilmegi bilen baglydyr. Nusgawy kinolara öwrülen “Çölüň ak güneşi” («Белое солнце пустыни») hem-de “Kin-dza-dza” ýaly meşhur filmleriň ençeme parçalary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde surata düşürildi.

Režissýor Bladimir Motylyň we operator Eduard Rozowskiniň surata düşüren “Çölüň ak güneşi” atly filminiň ençeme pursatlary üçin Garagum sährasy saýlanyp alyndy. Filmiň ssenariýaçysy Walentin Ýežowyň özi hiç-haçan çölde bolup görmändir, şonuň üçin ol Ýokary ssenariýa okuwlary boýunça ýoldaşy Rustam Ibragimbekowy awtordaşy hökmünde ýanyna alýar.

1969-njy ýylyň maý aýynda filmi surata düşürýän topar Baýramaly şäheriniň töweregini tebigy sýomkalaryň ýeri hökmünde saýlap alýar. Toparyň agzalarynyň ýatlaýşy ýaly, şol ýyl Garagumda ýagyş kän ýagypdyr welin, bereketli ot ösüp, gum depelerini hem örtüpdir. Motyl öz kömekçileri bilen dikuçarda ýüzlerçe kilometr meýdany gözden geçirýär, emma özüne gerekli tebigy ýeri tapmaýar. Olara ýerli harby bölümiň esgerleri ýardam edýärler, harbylar birnäçe günüň dowamynda çölüň onlarça inedördül kilometrini otap çykýarlar. Surata düşürmek işleri 1969-njy ýylyň sentýabrynda tamamlanýar.

“Çölüň ak güneşi” atly film ilkinji gezek 1970-nji ýylyň martynda Moskwada görkezilýär hem-de oňa uly şöhrat getirýär. Kinodan aýry-aýry keşpler, söz jümleleri halk arasynda dessine ýörgünli bolýar, olardan: “Döwlet üçin ýüregim awaýar” («За державу обидно»), “Gümrükhana razylyk berýär” («Таможня дает «добро»), “Gündogar – çylşyrymly işdir, Petruha” («Восток – дело тонкое, Петруха») we beýlekileri mysal getirmek bolar.

Kosmonawtlaryň birnäçe yrymy bolup, olar barada hemme kişi bilmeýän bolsa gerek, şolaryň biri-de “Çölüň ak güneşi” atly filme hökman tomaşa etmek bolup, onuň nusgasy HKS-niň bortynda saklanýar. Terjime ýazgysy bolan bu filme hat-da daşary ýurtly kosmonawtlar hem russiýaly kärdeşleri bilen bilelikde tomaşa edipdirler. Şeýle hem bu kartina kosmonawtlara wideo almagy öwretmek boýunça gollanma bolup hyzmat edipdir. Bu endik olara orbitada uçuşy we dürli obýektleri resmileşdirmek üçin zerur bolupdyr, “Çölüň ak güneşi” bolsa – ýokary hilli operatorçylyk işiniň iň gowy nusgasy hasaplanýar.

Režissýor Georgiý Daneliýa tarapyndan 1986-njy ýylda “Mosfilmde” hyýaly arzuw žanrynda surata düşürilen “Kin-dza-dza” atly filmiň kinokadrlary hem türkmen sährasynyň tebigaty bilen baglydyr.

Kinonyň esasy pikiriniň taryhy barada şeýle aýdylýar: bir sapar režissýor öz myhmany bolan italýan ssenariýaçysy Tonino Guerra bilen gürrüňdeşlikde ýaşlar üçin döwrebap we üýtgeşik bir filmi surata düşürmek isleýändigini aýdýar, emma näme barada gürrüň bermegi bilmeýänligini nygtaýar. «Russiýada örän sowuk we dowamly gyş bolýar, şonuň üçin ýylynyp boljak ýer barada erteki döret», – diýip, Guerra maslahat berýär. Daneliýa filmiň gahrymanlaryny yssy howasy bolan başga planeta ugratmak hem-de olaryň öýüne gaýtmak isleýänligi barada fanstastika filmini surata düşürmek kararyna gelýär. Onuň üçin Garagum sährasy, has takygy Balkanabat şäheriniň golaýynda ýerleşen Barsagelmez diýen ýer saýlanyp alynýar.

Surata düşürmek işlerine bahar paslynyň başynda, yssy düşmänkä başlamagy meýilleşdirýärler, emma garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykýar. Filmiň aýrylmaz bölegi – “Pepelas” atly älem gämisini ýalňyşlyk bilen Wladiwostoga ugradýarlar. Filmi surata düşürmek işi tomus paslyna goýulýar. Yssy howada diňe säher çagynda ýa-da agşam işläp bolýardy, aktýorlar şol günleriň agyr, emma örän şatlykly we gyzykly bolandygyny ýatlaýarlar.

“Kin-dza-dza!” filmi hiç bir düzedişsiz ekrana çykýar, emma tomaşaçy ony birbada kabul edip bilmeýär, 1990-njy ýyllarda bolsa, komediýanyň muşdaklary köpelýär. Bu kinonyň hem gahrymanlarynyň sözleri we duýgulary halk arasynda giňden ýaýraýar we häzir hem ýatlanylýar.

Leýli Aşyrowa,

ussatnews.com.

Başga habarlar
168ef89039dfb0.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Lebapda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

15-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


168ef69d87055b.jpeg
Petronas “OGT 2025” 30-njy halkara sergisiniň we maslahatynyň brilliant hemaýatkäri boldy

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2025) guramaçylyk komiteti Malaýziýanyň PETRONAS energetika kompaniýasynyň bu möhüm çäräniň brilliant hemaýatkäri bolandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çäre 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.


168ea1c9751317.jpeg
OGT 2025: Türkmenistan dünýä energetikasynda täze döwre gadam basýar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň 30-njy şanly senesi dünýäniň energetika bazarynda ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde eýeleýän ornuny tassyklamak bilen, oňa dünýäniň köp sanly döwletlerinden wekilleriň gatnaşýandygyny görkezýär.

168e1cfd001c4e.jpeg
Nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


168e118843df1a.jpeg
Сотрудники «Nebitgazylmytaslama» способствуют росту добычи нефти в Туркменистане

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň gatlagyň fizikasy barlaghanasynyň müdiri Ýazberdi BÄŞIMOW: