Ýurdumyzda 9 aýyň içinde 21 sany iri desga işe girizildi
Biziň içeri syýasatymyz ata Watanymyzy ösdürmegiň tassyklanan maksatnamalaryna laýyklykda dowam edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy¬ okt¬ýabrda¬ geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy hem-de Prezident maksatnamasy esasynda häzirki döwürde ozalkysy ýaly, ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge, täze kärhanalary gurmaga we işläp gelýänleriniň durkuny täzelemäge ägirt uly möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny nygtady. Iri halkara hem-de içerki taslamalary amala aşyrmak işi dowam edýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdyň mysal hökmünde käbir görkezijileri beýan etdi. Geçen 9 aýyň içinde ýurdumyzda 21 sany iri desga işe girizildi. Umumy meýdany 1 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda has oňaýly öýleri, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, ençeme lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdeplerdir çagalar baglary hem-de beýleki desgalar ulanylmaga berildi.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.