Makalalar

Hormatly mugallymyň hormatly ady Balkan welaýatynda çuňňur hoşallyk duýgusy bilen kabul edildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/691/original-1601fe55395b45.jpeg

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň uly topary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp boldy. Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň umumy tehniki dersler kafedrasynyň uly mugallymy Amanmyrat Orazgulyýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» adynyň dakylmagy bolsa tutuş Balkan welaýatynda çuňňur hoşallyk duýgusy bilen kabul edildi. Biz hormatly mugallym bilen duşuşyp, söhbetdeş bolduk.

— Amanmyrat aga, hormatly adyňyz gutly bolsun! Bu hoş habary eşiden pursadyňyzda başdan geçiren duýgularyňyzy okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaňyz.

— Bu meniň durmuşymda iň ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Berkarar döwletimize, bagtyýar il-ulsumyza, merdana hem agzybir halkymyzy ertekiden zyýada durmuşda ýaşadyp, ony nurana ertirlerine ynamly alyp barýan parasatly Gahryman Arkadagymyza söýgi-buýsanjym has-da arşa göterildi. Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzy dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň hataryna çykarmak ugrunda alyp barýan dünýä nusgalyk tutumlarynda hemişe ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşyp durýar. Bize şu bagtyýar döwrüň ýaşulusy bolmak uly bagt.

— Ýokary okuw mekdebinde talyplara döwrebap ylym-bilim bermek hem aýratyn başarnygy talap edýär. Şeýle hem mugallymçylykdaky ilkinji ädimleriňizi, alyp barýan jemgyýetçilik işleriňizi hem ýatlasak...

— Meniň üçin talyba ylym bermek aýratyn bir sungat bolup durýar. Dagy näme, seniň öňüňde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna, Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna mynasyp ýaşlary ýetişdirmek ýaly juda uly hem jogapkärçilikli wezipe goýulýar ahyryn. Mugallymçylyk maňa ata kesbi boldy. Dädem ömrüniň ahyryna çenli mekdep müdiri bolup işlän. Biz bir maşgalada on dogan — dört oglan, alty gyz bolup kemala geldik.

1976-njy ýylda men Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetini üstünlikli tamamladym. Şol ýylda häzirki Balkanabatdaky 19-njy orta mekdepde öz ugrumdan okuwçylara ders berip başladym. 1993-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde talyplary matematika dersinden okadýaryn. Şol ýyldan tä 2015-nji ýyla çenli şu okuw mekdebinde dekanyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary bolup işledim. 1994-nji ýyldan bäri TDP-niň okuw mekdebimizdäki ilkinji guramasyna ýolbaşçylyk edýärin. 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Halk Maslahatyna yzygiderli gatnaşyp gelýärin.

Özüme ynanylan her bir işe ak ýürekli, jogapkärçilik duýgusy bilen ýapyşmak meniň üçin baş ýörelge. Ýokary okuw mekdebimizdäki talyplardan düzülen «Gara altyn» folklor toparyny döretmäge başdan-aýak gatnaşdym. Geçen ýyllaryň dowamynda işjeň agzasy hökmünde TDP-niň Syýasy Geňeşiniň birnäçe gezek Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandym.

— Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda halypa-şägirtlik mekdebini göreldeli ýöretmeklige aýratyn üns berýär. Munuň özi işbaşarjaň hünärmenleri taýýarlamaklyga öz aýgytly täsirini ýetirýär. Öz kärdeşleriňiz, şägirtleriňiz, maşgala agzalaryňyz barada gürrüň berseňiz.

— Halypa-şägirtlik ýoly, hormatly Prezidentimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, bize ata-babalarymyzdan miras galan taýsyz gymmatlyk bolup durýar. Biziň Balkanabat bölümimizde ylym-bilim alan ýaşlar bu gün döwletimiziň nebitgaz toplumynda göreldeli zähmet çekýärler.

Kärdeşlerim Baýramguly Mämmetdurdyýew, Salyhberdi Annaýew, Sähetgeldi Goçmyradow, Toýguly Kulyýew dagy diňe bir biziň okuw mekdebimizde däl, eýsem, tutuş nebitgaz toplumynyň ýurdumyzdaky kärhanalarynda hem talapkär halypalar hökmünde tanalýar. Öz okadan talyplarymdan Ýunus Orazberdiýew häzir biziň bölümimizde dekan, Kuwwat Rejepmämmedow mugallym bolup işleýär.

Maşgalam Tausar Orazgulyýewa indi kyrk ýyla golaý wagt bäri orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işleýär. Ýokary bilimli oglumyz Bäşim «Türkmennebit» döwlet konserniniň Guýulary berkitmek boýunça müdirliginiň baş hasapçysy. Gelnimiz Ýazgül hem orta mekdepde okuwçylara türkmen dili we edebiýaty dersinden sapak berýär. Agtyklarym orta mekdepde oňat bahalar bilen okaýarlar. Maşgalamyzyň her bir agzasynyň öz kärdeşleriniň, dost-ýarlarynyň, deň-duşlarynyň arasynda hormat-sarpanyň eýesidigine guwanýaryn.

Häzirki wagtda biziň Balkanabatdaky bölümimizde okaýan talyplaryň sany 500-e golaýlaýar. Her gün säher bilen iş ýerime tarap ýola düşenimde, gadamlarymyň ýeňil gopýandygyny duýmak hem meniň üçin çäksiz bagt. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk sargytlaryna mynasyp ýokary bilimli, öz işine ussat hünärmenleri ýetişdirmek ýaly jogapkärli işde zähmet çekýändigiňe neneň buýsanmajak. Ylma, bilime dünýä nusgalyk derejede üns berilýän döwletde ýaşadygyňça ýaşasyň, işledigiňçe işläsiň gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy meni has-da döredijilikli işlemäge hyjuwlandyrýar. Ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, halkymyza wepaly hyzmat etjek ylymly-bilimli talyplary ýetişdirmekde başarnygymy gaýgyrman zähmet çekjekdigime ynandyrasym gelýär. Bize şeýle ynamy beren milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli amala aşyrýan beýik işleri rowaç bolsun!

Hojaberdi BAÝRAMOW,

                  USSAT NEWS.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.