Magtymguly Pyragy we häzirki zaman saz sungaty
08-nji aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy her ýyl däbe öwrülen «Sazyň taryhy» kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasyny geçirdi. Dabaranyň başynda «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Guramaçyyk topary tarapyndan Magtymguly Pyrаgynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan uly göwrümli sergisi taýýarlanyldy. Sergide türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbini beýan edýän suratlary we heýkeli, şahyryň dürli ýyllarda çap edilen kitaplary we onuň goşgularyna türkmen we daşary ýurt kompozitorlary tarapyndan döredilen we çapdan çykan saz eserleriň notalary we saz ýazgylary ýerleşdirildi.
«Sazyň taryhy» kafedrasynyň ýaş mugallymy Güýçmyrat Gurbandurdyýew «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Leýla Babaýewanyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilen «Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbi» atly ylmy monografiýasy we ýörite taýýarlan prezentasiýasy bilen çykyş etdi. Güýçmyrat Gurbandurdyýew öz çykyşynda täze neşir edilen monografiýanyň mazmuny we bu ylmy işinde ýerleşdirilen baý we gyzykly maglumatlary barada diňleýjileri giňişleýin tanyşdyrdy.
Soňra «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Leýla Babaýewa «Magtymguly we Türkmenistanyň saz sungaty» atly tema boýunça çykyş etdi. Awtor öz çykyşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilen 2024-nji ýylyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan we onuň gymmatly mirasynyň dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna girýänligini belledi. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan türkmen we daşary ýurt kompozitorlaryň beýik şahyryň şygyrlaryna we şahyrana keşbine bagyşlanan opera, simfoniýa, hor, kamera-wokal we kino sazlarynyň aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlary berdi. Leýla Babaýewa çykyşynyň dowamynda taýýarlan prezentasiýany, dürli sazandalaryň we aýdymçylaryň konsertlerinden bölekleri, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi bilen bagly opera we kinofilmlerinden parçalary görkezdi.
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaranyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlary we zehinli talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary we saz eserleri bilen ýokary derejeli ussatlykda çykyş etdiler, olardan: «Hora dirižýorlyk etmek» kafedrasynyň uly mugallymy Gülbahar Muhammedowanyň dirižýorlyk etmeginde we Нalkara bäsleşiginiň laureaty Erjel Ýagşymyradowyň sazandarlyk etmeginde talyplaryň kamera hor topary kompozitor Daňatar Öwezowyň «Baglar heý» atly aýdymy, Erjel Ýagşymyradowyň fortepiano saz guralynda ýekelikde çykyş etmeginde kompozitor Amandurdy Agajykowyň «Magtymgulynyň ýadygärliginde elegiýa» atly pýesa, Mansur Şaripowyň Ýekaterina Darçiýanyň sazandarlyk etmeginde rus kompozitory Wiktor Ýekimowskiniň «Ýüzünden» atly aýdymу, Arzygül Gylyjowanyň Jennet Ataýewanyň sazandarlyk etmeginde kompozitorlar Hydyr Allanurowyň «Näme sen» hem Weli Ahmedowyň «Bu gün» atly romanslarу, Röwşen Baýramowyň Enejan Nuryýewanyň sazandarlyk etmeginde kompozitor Çary Nurymowyň «Armanyň galdy» hem-de wiolonçel saz guralynda Ýusup Gandymowyň gatnaşmagynda kompozitor Kerim Jumagulyýewiň «Aýryldym» atly romans-poema ýaly eserleri ýerine ýetirildi.
Dabarany kompozitor Suhan Tüýliýewiň beýik şahyryň goşgularyna döreden «Türkmen binasy» atly kantatasy bilen jemlenildi, kantatany solist Röwşen Baýramowyň, şeýle-de konserwatoriýanyň uly simfoniki orkestr we hor toparlary tarapyndan ýerine ýetirildi.
Hepdäniň dowamynda dürli çäreleri geçirmek meýilnamalaşdyryldy. Kafedranyň mugallymlary we talyplary tarapyndan taýýarlanylan dürli temalardan çykyşlar geçiriler, olardan: Röwşen Muhammedowyň «Sungatyň taryhynda rus şekillendiriş sungatynyň orny», Myrat Gurbanowyň «Teatr sungatynyň döreýşi we onuň görnüşleri», «Sazşynaslyk» hünäriniň birinji ýyl talyplarynyň «Gadymy dünýäniň saz medeniýeti» we Bahargül Ýakubowanyň «Dünýä saz folklory ýaşlaryň ylmy gözleglerinde», Gülbahar Ýazmämmedowanyň «Türkmen kompozitorlarynyň ýuibleýleri» atly ylmy-amaly maslahatlarу, şeýle-de “Dünýä saz medeniýeti” dersi boýunça Güýçmyrat Gurbandurdyýewiň we Bazarow Gülzadanyň ýolbaşçylygynda talyplaryň arasynda test hem-de saz wiktorina bäsleşikleri geçiriler.
Agajan Açylow,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Ýaş tebigatçylar üçin ylmy-amaly gezelenç guraldy
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre geçirildi.
Balkanabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Balkan welaýatynyň merkezi bolan Balkanabat şäherinde «AssA» tans studiýasynyň Çagalary goramagyň halkara güni we tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Bu ýatda galyjy çäre şäheriň ýaşaýjylary we ýaş tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanyň Baku şäherinde 2026-njy ýylyň 1-3-nji iýuny aralygynda geçirilýän Energiýa hepdeligi (Baku Energy Week) iri energetika çäresine gatnaşýar.