Habarlar

Halkbank» döwlet täjirçilik banky Paýdarlar täjirçilik bankyna öwüriler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/74/original-15f840a34dd94c.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Merkezi banky Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.