Ýurdumyzda Gurban baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenildi
Toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan eziz Watanymyzda mukaddes Gurban baýramy Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Toý gazanlary atarylyp, milli naharlarymyz bişirildi. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlandy. Her bir döwletli maşgalada saçaklary bezäp, gelen myhmanlara dürli naz-nygmatlar hödürläp, birek-birege «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýip, ýagşy dilegler edildi.
Halkymyzda «Gazananyň toýa ýarasyn!» diýen ajaýyp pähim bar. Bu baýram gününde ildeşlerimiz gazan ataryp, goňşy-golamlaryny, dogan-garyndaşlaryny bir supranyň başyna jemläp toý tutdular. Gurbanlyk etmek Allatagala ýakyn bolmaga, sogap gazanmaga, birek-birek bilen hoşniýetli bolmaga iterýär. Ene-mamalarymyz Gurban baýramynda edilen arzuw-islegleriň, ýürege düwlen ak niýetleriň hasyl bolýandygyny aýdar eken. Gurbanlyk günlerinde birek-birek bilen mähirli salamlaşmakda, hal-ahwal soraşmakda hem uly sogap bardyr.
Hezreti Pygamberimiziň bir hadysynda: «Her haýwanyň ýaş tarapdan laýyk bolanyny gurban ediň. Eger kyn ýagdaýda galsaňyz, onda goýnuň alty aýyny dolduran guzusyny hem gurban edip bilersiňiz» diýlip aýdylýar. Goýny we geçini diňe bir adamyň adyna, düýäni we sygry ýedi kişä çenli goşulyşyp kesip bolýar. Şol ýedi adamyň hem gurbanlyk etmek niýetinde bolmagy hökmandyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tutumly tagallalary netijesinde Watanymyzyň çar künjeginde Gurban baýramynyň şowhuny-da, dabarasy-da has belentden ýaňlandy. Bereketli saçak ýazyp, myhman garşylamak halkymyzyň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Bu baýramda birek-birekden duz-tagam dadyp, döwletli ojaklara rysgal-döwlet dilemek, diňe bir saçaklarymyzyň berekedini artdyrman, eýsem, göwnümizi hem galkyndyrýar. Mukaddes Gurban baýramynyň şeýle giň gerimde bellenilmegi şu günki nesliň ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine, däp-dessurlarymyza berk eýerýändiklerini görkezýär. Mähir-muhabbeti, birek-birege ynamy, ak ýürekliligi, agzybirligi ündeýän gurbanlyk günlerinde ýagşy niýetler bilen aýdylan hoş sözler ynsan kalbyna mähribanlyk çaýýar.
Watanymyzda giňden bellenilýän bu baýramçylykda aýdymçylardyr bagşylaryň, tans, folklor, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlarynda eziz Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän taryhy maksatnamalarynyň waspy ýetirildi. Hemişe bolşy ýaly, belentden dikilen, bezegli hiňňildikleriň töwereginiň mähellesiniň ýetik bolmagy baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy. Ynsanlaryň kalbyny tämizläp, olary biri-birine mähriban edýän, agzybirlige çagyrýan Gurban baýramy her bir döwletli maşgalada agzybirlik bilen bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy.
Awtoulaglara ýangyç guýujy täze beketler sürüjileriň hyzmatynda
Hormatly Prezidentimiz 10-njy aprelde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda iş sapary bilen bolanda, uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berdi.
Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda guralan eko-syýahatyň dowamy hökmünde, Aşgabatda ýaşlar üçin okuw maslahaty geçirildi.
Zähmeti goramaklyga uly ähmiýet berilýär
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyndaky (YBTGI) «Türkmengeologiýa» DK-nyň Merkezi önümçilik barlaghanasynda (MÖB) Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäre geçirildi.