Habarlar

“Dostluk” ýatagy dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde

https://www.ussatnews.com/storage/posts/802/original-16037175677ae0.jpeg

Ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýe bolan Hazar sebitiniň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek meselesi ýene-de dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda ýakynda gol çekilen Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, bu taryhy resminama gol çekilmegi Hazarda energetika ulgamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek nukdaýnazaryndan möhüm waka boldy. Mundan başga-da, bilelikdei işlemek üçin täze mümkinçilikler açylýar hem-de bu sebite uzakmöhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Şundan ugur alyp, biz “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini goldaýarys hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyz ekologiýa ugruny hem-de iň soňky ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary nazara almak bilen, nebitgaz pudagyna öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary çekmek meselelerine uly üns bermek bilen, esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Wagit Alekperow diňe bir Hazar deňziniň däl-de, eýsem, Baltika deňziniň ýalpaklygynda hem “Lukoýlyň” uly iş tejribesiniň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyza bildirýän uly ynamy üçin hoşallyk bildirdi hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň “Dostluk” atly möhüm ähmiýetli taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

“Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň hataryna girýändigini bellemek gerek. Kompaniýa Hazar sebitinde eýýäm 25 ýyldan gowrak işlemek bilen, geologiýa-gözleg, ýataklary burawlamak, nebit we gaz çykarmak işlerini amala aşyrýar. Iri nebit ýataklary Hazaryň demirgazygynda – Russiýanyň böleginde açyldy. Olary özleşdirmek we gurmak işlerini “Lukoýl” tarpdan başlaýar. Bu ýerde önümi taýýarlaýan we ugradýan häzirkizaman düzüm döredildi. Önüm işlenip taýýarlanylanda deňziň ekoulgamynyň arassalygyny üpjün edýän ýörelge ulanylýar: ähli durmuş we senagat galyndylary gaýtadan işlemek üçin kenara çykarylýar.

“Lukoýlyň” gatnaşmagynda Hazar ýalpaklygynda ýataklaryň jemi 10-sy açyldy. Azerbaýjanda kompaniýa Hazar deňziniň günorta-günbatarynda ýerleşen Şah-Deňiz gazkondensatly ýatagy işläp taýýarlamaga gatnaşýar. Bu ýatak maýagoýumlarynyň möçberi boýunça dünýäde iri nebitgaz taslamalarynyň biri hasaplanýar.

Geçen ýylyň oktýabrynda Hazar deňziniň gazak böleginde “Al-Farabi” taslamasy boýunça bilelikdäki kärhanany döretmek hakynda “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň hem-de «KazMunaýGaz» Milli kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. 2019-njy ýylda «Lukoýl», Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrligi we «KazMunaýGaz» Ženis deňiz toplymynda (blogynda) uglewodorodlary gözlemek we çykarmak hakynda ylalaşyga gol çekdiler we şertnama baglaşdylar. Bulardan başga-da, kompaniýa Gazagystanda gury ýerdäki birnäçe nebitgaz taslamalaryna, şeýle hem Hazaryň turbageçiriji konsorsiumyna gatnaşýar.

Nebiti we gazy gaýtadan işlemek “Lukoýlyň” işiniň möhüm ugry bolup durýar. Hususan-da, kompaniýanyň düzümine Russiýada ýerleşen nebiti gaýtadan işleýän zawolaryň dördüsi we gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň üçüsi, şeýle hem Ýewropadaky (Italiýa, Rumyniýa, Bolgariýa) nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň üçüsi girýär.

“Lukoýl” köp ýyllaryň dowamynda dünýä bazaryna nebit önümlerini we polimerleri çykarýan esasy kompaniýalaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen «Lukoil International Trading and Supply Company» (LITASCO SA, Şweýsariýa) kompaniýasynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Ahalyň zawodynda tebigy gazdan öndürilýän sintetiki benziniň uly tapgyryny satyn almak hakynda ylalaşyklaryň gazanylandygyny bellemek gerek. Kompaniýa EKO-93 kysymly awtomobil benzininiň 200 müň tonnasyny satyn almagy, şol sanda Ýewropa ýurtlarynda ýerlemegi meýilleşdirýär.

Ussat news

Başga habarlar
168417a294664b.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.


1683d6e767e160.jpeg
Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş ekologiýaçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Aşgabadyň “Şamelek” toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde geçirildi.


168353d3db6ef7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy

23-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

1682ad504341b5.jpeg
Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16823832b81854.jpeg
Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň guramaçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly maslahata toplumyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärleridir hünärmenleri gatnaşdy.