"Aşgabat gözelligiň şäheri" atly sergi guraldy

20:06 02.04.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/993/original-16067330fceeb9.jpeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün-günden gözelleşýär. "Türkmenistan - Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" diýlip yglan edilen ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramy giňden dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaralar, sergiler yzygiderli guralýar. Golaýda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli "Aşgabat gözelligiň şäheri" atly ýaş binagärleriň we dizaýnerleriň işleriniň sergisiniň guralmagy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu barada akademiýanyň Binägärlik we gurluşyk fakultetiniň binagärlik kafedrasynyň müdiri Wepa Orazberdiýewiň berjek gürrüňlerini diňläliň.

-Wepa mugallym, talyplaryňyz öz işlerini ýerine ýetirende nähili aýratynlyklara üns berýärler?

- Görşüňiz ýaly akademiýamyzyň talyplary Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli öz ukybyna görä uly hyjuw bilen synlaýan işleriňizi ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen işler meýilnamalaýyn amala aşyryldy we sergä çykaryldy. Bu ýerdäki ýerleşdirilen taslamalaryň millilik ruhuna ýugrulandygyny görmek bolýar. Men talyplara her bir edýän taslamalarynyň millilige esaslanan bolmalydygy barada tabşyrdym. Synlaýan binalaryňyzyň, ýaşaýyş jaýlaryňyzyň, sport desgalarynyň ýa-da beýleki desgalaryň taslamalarynda millilik ýörelgelerini şöhlelendirmek üçin talyplar haly gölleriň şekillerine, milli nagyşlara salgylandylar.

-Mugallym siz talyplaryňyzyň işleriniň meýilnamalaýyn esasda amala aşyrylýandygy barada aýtdyňyz. Olaryň meýilnamadan daşary hem ýerine ýetiren işleri barmy?

-Elbetde, talyp ýaşlarymyz diňe bir biziň meýilnamamyz esasynda binalaryň taslamalaryny ýerine ýetirmän, eýsem daşyndan hem birnäçe işleri ýerine ýetirdiler. Synlaýan binalaryň taslamalarynyň arasynda talyplaryň özbaşdak döredijilikli ýerine ýetiren işlerini hem görmek bolýar. Döredijilikli pikirlenip, etjek işiňi aňyňda aýlap döredilen binalaryň taslamalary beýlekilerden has tapawutlanýar. Erkin pikirlerini beýan edýän talyplardan kämil taslama döreýär.

-Wepa mugallym, talyplaryňyzyň işleri halkara derejesinde geçirilýän sergilere ýa-da bäsleşiklere hem gatnaşýarmy?

-Hawa, elbetde biziň ýokary okuw mekdebimiziň 5-nji ýyl talyby Jennet Rejepowa halkara derejesindäki birnäçe sergilere öz eserlerini hödürläp diplomlaryň birnäçesine mynasyp bolmagy başardy. Bu talybymyz häzirki wagtda Hindistandaky geçirilýän sergä öz işini onlaýn görnüşinde hödürledi. Mundan başgada birnäçe talyplarymyz halkara derejesinde geçirilen bäsleşige öz işlerini hödürläp diplomlara mynasyp boldy. Talyplarymyzyň edýän işleriniň halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp baýrakly orunlary eýelemegi bizi örän buýsandyrýar. Biz Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary bolup gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň görküne-görk goşjak ajaýyp binalaryň ençemesiniň taslamasyny dörederis. Pursatdan peýdalanyp döredijilikli zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!

-Sag boluň, Wepa mugallym. Size hem hormatly mugallymçylyk käriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Söhbetdeş bolan: Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Başga makalalar
16640bcfe14870.jpeg
«Mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün edilýär

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Köneürgenç, Şabat we Görogly etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalaryň ilatyny hem-de Garagum sährasynyň jümmüşinde, Sarygamyş kölüniň boýlarynda we Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlarynda häzirki günlerde ýazlaga çykan, çarwaçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyzy suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar.


16633b43dd9f61.jpeg
Täze gözýetimleri nazarlaýan gidrogeologlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzybir agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek bilen, 2024-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler.


16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.

166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.