
BSG-niň wekili Türkmenistanyň DIM-inde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
06.07.22 - 11:40Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň arasynda geçirilen duşuşykda BSG bilen ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bäş aýda TNGIZT-de önümçilik meýilnamasy 110,4% ýerine ýetirildi
06.07.22 - 11:28Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2022-nji ýylyň ilkinji bäş aýy ýokary önümçilik-ykdysady görkezijiler bilen tamamlandy.

Lebap welaýatynda umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy
05.07.22 - 09:10«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat meýdançasynda geçirilen gidrogeologik gözleg-barlag işleri netijesinde, umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy we gorlary tassyklanyp, “Türkmenabat” ýerasty agyz suw ýatagy diýlip hasaba alyndy.

«Türkmenenergo» Türkmenistanda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak boýunça türk kompaaniýasy bilen şertnama baglaşar
05.07.22 - 08:21«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnama baglaşar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
05.07.22 - 07:54Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentini wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady
04.07.22 - 17:44Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Ferdinand Romualdes Markosa Filippinler Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen zyýaratçylary Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý ederler
04.07.22 - 17:162-nji iyulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen, Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.

Raisi: Eýran mundan beýläk hem türkmen gazyny swoplaýyn Azerbaýjana ibermegini dowam etmäge taýýar
02.07.22 - 11:50Eýran geljekde hem öz çäginiň üsti bilen türkmen gazyny Azerbaýjana ibermäge taýýar. Bu barada Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynda belledi diýip, IRNA habarlar agentligi habar berýär.

Nebitiň bahalary aşaklaýar, Brent — 108,84 dollar
02.07.22 - 11:43ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň haýallaýandygy we energiýa serişdelerine bolan islegiň peselmeginiň mümkinligi baradaky nobatdaky yşaratlaryň çäginde anna güni nebitiň bahalary aşaklap, hepdäni peselmek bilen tamamlaýar diýip, Interfaks habar berýär.

Türkmen-wýetnam işewürler forumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär
02.07.22 - 10:4029-njy iýunda Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde Wýetnamyň paýtagty Hanoýda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge we Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň altynjy Hazar sammitindäki Çykyşy
01.07.22 - 08:12Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň altynjy Hazar sammitindäki Çykyşy.

Fransiýa nebit öndüriji ýurtlary önümçiligini artdyrmaga çagyrdy
30.06.22 - 21:41Fransiýa bahalaryň artmagynyň dowam etmeginiň çäklerinde nebit öndüriji ýurtlary onuň önümçiligini artdyrmaga çagyrdy diýip, Interfaks fransuz habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow: Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar
30.06.22 - 21:35Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda belledi.

Wladimir Putin: «Gazpromyň» ýolbaşçylary ýakynda Türkmenistana geler
30.06.22 - 21:29Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin «Gazpromyň» ýolbaşçylarynyň ýakyn wagtda Türkmenistana geljekdigini habar berdi.Bu barada Russiýanyň Lideri 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti tamamlanandan soň, žurnalistleriň sowalyna beren jogabynda aýtdy diýip, Russiýanyň Prezidentiniň saýty habar berýär.

Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti «Hazar bäşliginiň» hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ymtylyşyny tassyklady
30.06.22 - 21:1829-njy iýunda Aşgabatda Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi.