
Geljekde Türkmenistan bilen gaz ulgamynda uzakmöhletleýin özara gatnaşyklar üçin ähli tagallalary ederis — CNPC-niň ýolbaşçysy
20.06.22 - 20:00Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde täze desganyň ulanmaga berilmegi her bir hytaý we türkmen hünärmenleriniň her biri üçin ýatdan çykmajak wakadyr. Bu barada Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýun Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde täze gaz toplaýjy bekediň ulanyşa girizmek dabarasynyň barşynda eden çykyşynda belledi.

Lebap welaýatynda täze okuw ýylynda umumybilim berýän mekdepleriň 1-nji synpyna körpeleriň 31 müň 698-si kabul ediler
20.06.22 - 13:41Lebap welaýatynda täze 2022–2023-nji okuw ýylynda umumybilim berýän mekdepleriň 1-nji synpyna körpeleriň 31 müň 698-si kabul ediler, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy
19.06.22 - 17:1118-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri, senagat-önümçilik toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy
19.06.22 - 09:5917-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

“Altkom” Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurar
19.06.22 - 09:00“Altkom” Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurar

PHYF: Türkmenistan energetika we ulag ulgamlaryny GDA-nyň çäginde goşulyşmagyň ileri tutulýan ugurlary hasaplaýar
18.06.22 - 09:28Energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk GDA-nyň çäklerinde goşulyşmagyň strategiki ugurlary bolup biler. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeli Serdarow penşenbe güni Peterburgda geçýän Halkara ykdysady forumynda aýtdy. Muny Orient agentligi habar berýär.

Wood Mackenzie: Brent nebitiniň bahalary baryp 2025-nji ýylda 85-90 dollara düşer
18.06.22 - 09:23Dünýä bazarlarynda ibermeleriň üýtgemegi bilen baglylykda nebitiň bahalary ýakyn ýyllarda ýokary bolmagynda galar, onuň bahalaryna hatda islegiň mümkin bolan pese gaçmasy-da täsir edip bilmez. Bular ýaly çaklamany Wood Mackenzie-niň analitikleri berýär diýip, Interfaks habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanyna resmi sapar amala aşyrar
16.06.22 - 23:55Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly çäreler maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkiýe 2022-nji ýylda gazyň sarp edilişiniň artjagyna ynam bildirýär
16.06.22 - 23:41Türkiýe 2021-nji ýylda nobatdaky rekord görkezijä – 60 mlrd kub metre ýetenden soň, 2022-nji ýylda tebigy gazyň sarp edilişini artdyrar. Bu barada penşenbe güni Peterburg halkara ykdysady forumynyň barşynda Türkiýäniň energetika ministriniň orunbasary Alparslan Baýraktar belledi diýip, Interfaks habar berýär.

Tähranda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
16.06.22 - 23:09Geçen çarşenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda iki ýurduň Hökümet wekiliýetiniň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen bu ýurda bardy. Gepleşikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy, ulag we energetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meseleler gepleşikleriň özenini düzdi.

Aşgabat we Tähran özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär
16.06.22 - 22:35Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bolmagy we iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň düýpli artmagynyň möhümligi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasynda bellenildi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Seýed Ebrahim Raisiniň arasyndaky gepleşikler
16.06.22 - 09:0615-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Olaryň gün tertibine tagallalary birleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, sebitara we halkara syýasatyň möhüm meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçirilen türkmen-rus gepleşikleriniň netijelerine ýokary baha berdi
14.06.22 - 09:1910-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder
14.06.22 - 09:15Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa resmi saparynyň barşynda gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamada bellenilýär.

«Türkmengaz» DK «Altavista F.Z.C» (BAE) kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
14.06.22 - 09:10«Türkmengaz» döwlet konsernine himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.