
Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
25.06.22 - 09:322022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, Saud Arabystanynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Abdulkarim El-Hereýji ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmenistanyň alymlary «Derweze» kraterini göz astyna almagyň usulyny işläp düzdüler
24.06.22 - 18:04«Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň alymlary indi altynjy onýyllygyň dowamynda ýanmagyny dowam edýän «Derweze» kraterinde gaz çykmasyny gözegçilige almagyň usulyny işläp düzdüler. Bu barada bu institutyň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahatynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy AÖB-niň täze wekili bilen TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek meselesini maslahatlaşdy
24.06.22 - 17:55Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze Direktory Artur Andrisýagyň arasynda penşenbe güni geçirilen duşuşykda Aziýa Ösüş Banky bilen özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

BMG «ýaşyl» tehnologiýalary özleşdirmekde Türkmenistana ýardam etmäge taýýar
24.06.22 - 17:48Birleşen Milletler Guramasy we onuň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) «ýaşyl» tehnologiýalary özleşdirmekde Türkmenistana ýardam etmäge we global energetiki geçiş döwründe aktual bolan ylmy maglumatlaryň ählisine elýeterlilik hödürlemäge taýýar.

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýyrmagy meýilleşdirýär
24.06.22 - 17:44Bu maksatlara ýetmeklik Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatnamada göz öňünde tutuldy. Bu maksatnama Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň çäklerinde ýerine ýetiriler. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda geçirilen «Uglewodorodlary çykarmagyň ekologiýa jähtleri» Halkara ylmy maslahatynyň barşynda habar berildi.

Uglewodorodlary çykarmagyň ekologiýa jähtler we «ýaşyl» energetike geçiş — maslahatyň üns merkezinde
23.06.22 - 12:07Şu gün irden Aşgabatdaky «Ýyldyz» otelinde «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» Halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Maslahat «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan guralýar.

Aşgabatda Halkara maslahatyna gatnaşyjylar uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtlerini maslahatlaşarlar
23.06.22 - 06:0423-nji iýunda türkmen paýtagtyndaky «Ýyldyz» otelinde «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahaty geçiriler. Maslahat «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan guralýar.

Mary şäherinde Medeniýet hepdeligi — 2022-niň dabaraly açylyşy boldy
23.06.22 - 05:5022-nji iýunda Mary şäherindäki Ruhyýet köşgünde Medeniýet hepdeligi — 2022-niň dabaraly açylyşy boldy. Milli medeniýeti gorap saklamaga, içgin öwrenmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen bu giň gerimli çäre medeniýetimiziň döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde eýeleýän, barha artýan ähmiýetli ornuny, parahatçylyk dörediji kuwwatyny açyp görkezýär.

Suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça Naýyp toplumy meýilnamadan öňde barýar
23.06.22 - 05:38Şu ýylyň gezen bäş aýynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebap» suwuklandyrylan gaz önümçiligi müdirligi boýunça suwuklandyrylan gazyň 47,3 müň tonnasyny öndürdiler. Meýilnama 105,8% ýerine ýetirildi. Eksporta 46,4 müň tonnadan gowrak harytlyk önüm iberildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy bilen gutlady
22.06.22 - 14:13Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy bilen gutlady.

Pakistanyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler
22.06.22 - 10:54Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti we Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatlarynda Günorta we Merkezi Aziýada bilelikdäki energetika taslamalaryny ilerletmäge gyzyklanmalary hakynda beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti we CNPC-niň ýolbaşçysy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
22.06.22 - 10:20Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýunyň arasynda duşenbe güni geçirilen duşuşykda gaz ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
21.06.22 - 08:16Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
20.06.22 - 20:35Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyşyna gatnaşdy
20.06.22 - 20:12Geçen şenbe güni Lebap welaýatyna toý sabarynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyş dabarasyna gatnaşdy.