
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar
14.01.22 - 03:54Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
13.01.22 - 18:0812-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we bu düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
13.01.22 - 17:49Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany.

W.Ataýew içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi
13.01.22 - 17:25W.Ataýew içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
10.01.22 - 20:56Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
10.01.22 - 14:18Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 8-9-njy ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen duşuşyklar geçirildi.

Ýurdumyzda kompozit gurluşyk armaturasynyň önümçiligi ýola goýuldy
09.01.22 - 21:31Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň telekeçilerini goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça toplumyň ministrlikleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi ulanylyp başlany bäri, 320 mlrd kub metr türkmen gazy iberildi — CNPC
09.01.22 - 20:292009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylanyndan bäri, jemi 320 milliard kub metrden hem gowrak türkmen gazy Hytaýa iberildi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň (CNPC) baş direktory Çen Huaýlun beýan etdi. Muny «Watan» habarlar gepleşiginde habar berdiler.

Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
09.01.22 - 19:59OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygyna berk käýinç yglan edildi
09.01.22 - 12:32Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygyna berk käýinç yglan edildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar
09.01.22 - 11:03Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
08.01.22 - 10:176-nji hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
08.01.22 - 09:396-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň gaz pudagynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
06.01.22 - 21:28Geçen çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň adminsitratiw merkezinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze gaz ýataklary ýüze çykaryldy
06.01.22 - 21:13Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän «Malaý» we «Naýyp» gaz känlerine ýanaşyk ýerlerde geçirilen geofiziki işleriň netijesinde «Demirgazyk Derwüş» we «Malaý» käniniň aşaky gatlaklarynda täze gümmez ýüze çykaryldy. Bu barada «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy M.Rozyýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.