Habarlar
161f3c4102d1ce.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
28.01.22 - 15:23

27-nji ýanwarda ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň has tapawutlanan serkerdelerine döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň gowşurylyş dabarasy boldy.


161f3a335d88d5.jpeg
«Marygazüpjünçilik» müdirligi welaýatyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär
28.01.22 - 13:03

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik bölümleriniň gazçylary tutuş ýylyň dowamynda Mary welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça çäreleri yzygiderli ýerine ýetirýärler. Gaz hojalyk kärhanalarynyň ýokary hilli taýýarlygy gaz üpjünçilik ulgamynyň gyş möwsüminde ygtybarly işlemegine ýardam edýär.


161f237aab7646.jpeg
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine
27.01.22 - 11:11

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine.


161f22f926fc0c.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi
27.01.22 - 10:37

26-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.


161f22778f20d3.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi
27.01.22 - 10:02

26-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleri döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meselelerine garaldy.


161f20d7abacca.jpeg
Aşgabatda mowzuklaýyn halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirilýär
27.01.22 - 08:11

26-nji ýanwarda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.


161f2096b746ba.png
Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
27.01.22 - 07:54

Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


161f2053870815.jpeg
Türkmenistanyň Merkezi bankyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy
27.01.22 - 07:36

Türkmenistanyň Merkezi bankyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.


161f1852d08fcc.jpeg
Türkmenistanyň, Pakistanyň we Hindistanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar
26.01.22 - 22:30

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistandan kärdeşi Subramanýam Jaýşankar we Pakistandan Şah Mahmud Kureýşi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161f183ea1d559.jpeg
2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan Gruziýa awia ýangyç ibermekde lider boldy
26.01.22 - 22:24

2021-nji ýylda Gruziýa awiasion ýangyjyny ibermekde Türkmenistan birinji orny eýeledi diýip, Report agentligi Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşigine salgylanyp habar berýär. Geçen ýylda Türkmenistandan Gruziýa 57,7 müň tonna awiaýangyç iberildi.


161f0c1d47e0e3.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Hytaý» Sammitindäki sanly ulgam arkaly çykyşy
26.01.22 - 08:36

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Hytaý» Sammitindäki sanly ulgam arkaly çykyşy.


161f0bc7903486.jpeg
Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine gatnaşdy
26.01.22 - 08:14

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy.


167eed7e6421df.jpeg
Türkmenistanda wodorod energetikasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip düzüldi
25.01.22 - 20:05

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasyny hödürledi.


161f00e5bcd897.jpeg
Türkmenistanyň we HHR-niň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek çärelere taýýarlyk maslahatlaşyldy — DIM
25.01.22 - 19:51

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen şenbe güni «Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri» sammiti hem-de Pekin şäherinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161f00cd5d6105.jpeg
Gidrogeologlar Daşoguz welaýatynda ýerasty suwlaryň gözleg işlerini netijeli amala aşyrýarlar
25.01.22 - 19:44

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasy «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän 2022-nji ýyla ynamly girýärler. Ençeme ýyllaryň dowamynda ekspedisiýanyň hünärmenleri ýerleriň melioratiw we ekologiýa ýagdaýyny öwrenmekde hem-de agyz suw gorlaryny gözlemekde netijeli işleri amala aşyrýarlar.