
Türkmenistanyň Prezidenti TASS agentligine interwýu berdi
03.10.21 - 14:28Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine iki Özbegistan Respublikasynyň kärhanalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
02.10.21 - 23:59Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine:

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary makullanyldy
02.10.21 - 13:50Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanan 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary hödürlenildi. Şolar geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça seçilip alyndy.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görülýär
02.10.21 - 10:084-5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.

Dubaýda 1-nji oktýabrda «EXPO 2020 » halkara sergisi açyldy
01.10.21 - 19:12Şu gün, 1-nji oktýabrda Dubaýda «EXPO 2020» iri halkara sergisi öz işine başlady. Bu abraýly halkara forumyna dünýäniň 190-dan gowrak döwleti, şol sanda Türkmenistan gatnaşýar. Halkara sergisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dürli önümleri we maýa goýum taslamalary görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary gutlady
01.10.21 - 16:35Sizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Möçberi we ähmiýeti babatda ýokary derejelere eýe bolan bu serginiň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de halkyna
01.10.21 - 13:31Sizi bütindünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçdi
30.09.21 - 22:28Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçsi. Bu barada çarşenbe güni RIA Nowosti agentligi ICE Futures-iň söwdalaryna salgylanyp habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň direktory bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
30.09.21 - 21:39Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiýni kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
30.09.21 - 20:3229-njy sentýabyrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk mynasybetli baýramçylyk dabaralary gtçirildi
29.09.21 - 19:1628-nji sentýabrda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.

Saud Arabystany TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyny goldaýar — ilçi
28.09.21 - 23:00Saud Arabystany Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz magistralynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ählitaraplaýyn goldaýar. BU barada Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçisi Said Osman Ahmed Suweýl Saud Arabystany Patyşalygynyň gününiň bellenilmegi mynasybetli «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär.

Paýtagtymyzda “Aşgabat” diýlip atlandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy açyldy
28.09.21 - 22:1026-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan “Aşgabat” diýlip atlandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýaşaýyş toplumy 11 gatly iki binadan, 14 gatly iki binadan hem-de 17 gatly bir binadan ybaratdyr.

Paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” Söwda we dynç alyş işewürlik merkezi açyldy
28.09.21 - 21:1926-nji iýunda, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly bellenilýän şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” Söwda we dynç alyş işewürlik merkezleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy
27.09.21 - 14:4225-nji sentýabyrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany bolan Altyn şaý milli manadymyzy gowşurmak dabarasy boldy.