
Türkmenistanyň wekiliýeti Glazgoda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň maslahatyna gatnaşar
21.10.21 - 22:47Türkmenistanyň ýokary derejedäki wekiliýeti Glazgoda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň maslahatyna (COP26) gatnaşar. Sapara görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Hökümet wekilleri sişenbe güni BMGÖM-niň we Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda howa babatda hereketler boýunça geçirilen onlaýn-maslahatda habar berdiler.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatyna taýýarlyk işleri ýokary depginde dowam edýär
21.10.21 - 14:07Aşgabatda 27-28-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatyna taýýarlyk işleri şu günlerde ýokary depginde dowam edýär.

Prezident 2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini makullady
20.10.21 - 21:20Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň hödürlenen taslamasyny makullap, 2022-nji ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna ibermek hakyndaky resminama gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletlerini ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge çagyrdy
20.10.21 - 20:57Türkmenistanyň Prezidenti 15-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi
20.10.21 - 20:35Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistan tarapyndan BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ozal öňe sürlen teklibe gaýdyp gelmegi teklip etdi.

Gülşat Mämmedowanyň hem-de Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
19.10.21 - 13:5118-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýakyn günlerde «Çapar» we «Sähra aýdymy» atly çeper kinofilmleriň premýerasy bolar
18.10.21 - 21:51Ýakyn günlerde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Çapar» we «Sähra aýdymy» atly çeper kinofilmleriň premýerasy bolar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
18.10.21 - 08:25Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de dostlukly ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
18.10.21 - 08:16За манатные средства представители деловых кругов из Объединённых Арабских Эмиратов приобрели хлопчатобумажную пряжу на сумму 1 миллион 800 тысяч манатов.

OPEC-iň Baş sekretary 27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynda çykyş eder
17.10.21 - 09:16Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo 27-28-nji oktýabrda Aşgabatda garyşyk görnüşde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatynda onlaýn görnüşde çykyş eder.

«Kenardaky» döwrebap işler
16.10.21 - 20:41Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy dünýäniň iň kuwwatly desgalarydyr kämil tilsimatlaryna eýe bolmak bilen, ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
16.10.21 - 14:3615-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek üçin Karara gol çekildi
16.10.21 - 13:32Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi. Bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy
15.10.21 - 23:0814-nji oktýabrda “Durnukly ulag, durnukly ösüş” atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby türk dilinde neşir edildi
15.10.21 - 21:5514-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.