Habarlar
1616876d6c997b.jpeg
Türkmenistanyň we Hindistanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda TOPH taslamasyny maslahatlaşdylar
14.10.21 - 23:28

Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen geçiren ikitaraplaýyn gepleşiklerinde özara bähbitli türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.


161672ea1954f9.jpeg
Igor Makarow hormatly Prezidentimizyň garamagyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi
14.10.21 - 00:08

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.


161671fc4c046f.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.10.21 - 23:04

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.


161666b29cee86.jpeg
“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigi
13.10.21 - 10:14

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigini geçirmegiň TERTIBI


1616581605dfcb.jpeg
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgady
12.10.21 - 17:36

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň XIII jildiniň neşir edilmegi Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy.


1616546fd15cfa.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
12.10.21 - 13:27

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Menzelinsk şäheriniň golaýynda adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren “L-410” kysymly uçaryň heläkçilige uçramagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.


16164578e862d0.jpeg
Dokuz aýyň jemlerine garaldy
11.10.21 - 19:51

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


161644386e81a7.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
11.10.21 - 19:00

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


16162fe7e721ce.jpeg
Hormatly Prezidentimiz “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy
10.10.21 - 19:53

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy we “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy.


16162b2b602bf0.jpeg
Şu ýylyň dokuz aýyndaky içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy
10.10.21 - 14:30

Halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini şu ýylyň dokuz aýyndaky makroykdysady görkezijiler tassyklaýar. Garalýan döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy,- diýip Wise-premýer S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berdi.


1616267ac571e6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady
10.10.21 - 09:10

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady


16161d26603245.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktoryny kabul etdi
09.10.21 - 22:33

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilýän “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly alym-lukmanlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi.


161617db2d7069.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda Permany
09.10.21 - 16:32

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:


1616163506aa11.jpeg
Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athana gurular
09.10.21 - 14:39

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, gurmak barada “Nur Bina gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamany athana üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamyny we desgalaryny gurmak hem-de olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.


1616152c029394.jpeg
Türkmenistanda halkara lukmançylyk forumy geçirildi
09.10.21 - 13:28

8-nji oktýabrda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat geçirildi.