Habarlar
15fe8077c3a889.jpeg
Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň Internet web-saýtynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça degişli işler alnyp barylýar
27.12.20 - 09:03

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken “Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda” Kararyna laýyklykda maliýe-ykdysady toplumyň edaralary resminamada bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.


15fe6e3b0d463e.jpeg
Resmi habar
26.12.20 - 12:18

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Serdar Halmyradowiç Ataýew Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.


15fe6e260693d5.jpeg
TNGIZT-da 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durky täzelener
26.12.20 - 11:56

"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna" laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem tehnologik desgalary abat saklamak, önümçilik işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


15fe6be911df59.jpeg
Türkmenistanyň DIM-i Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy bilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini maslahatlaşdy
26.12.20 - 09:39

Owgan tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostumyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15fe6b17b501d7.jpeg
«Tatneft» Türkmenistanda goşmaça nebit önümçiligini ýene 770 müň tonna artdyrar
26.12.20 - 08:44

Türkmenistanda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Tatneft» APJ taslamasynyň giňeldilmegi goşmaça 770 müň tonna nebiti çykarmaga mümkinçilik berer. Bu barada Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow TASS agentligine interwýusynda habar berdi.


15fe5ae2677707.jpeg
Türkmenistanyň we Ermenistanyň kitaphanaçylarynyň onlaýn maslahaty
25.12.20 - 14:18

24 dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga badalga berildi.


15fe5a085b2166.jpeg
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara toparynyň mejlisi
25.12.20 - 13:20

25 dekabrda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara toparynyň iş toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahat iş toparynyň ilkinji mejlisidir.


15fe45df89cd1a.jpeg
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen
24.12.20 - 14:18

15 dekabrda Mejlisiň başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Dialogyny döretmek boýunça ilkinji duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşyk wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebit edarasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan guraldy.


15fe454ce2fd05.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny hem-de habar beriş serişdelerini ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi
24.12.20 - 13:43

23 dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk görnüşde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.


15fe327e2e792b.jpeg
Nebitgaz toplumynda polimerlere bolan isleg we maýagoýumlary artýar
23.12.20 - 16:27

Ýakynda wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça möhüm wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.


15fe2fedeec3b4.jpeg
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby arap dilinde neşir edildi
23.12.20 - 13:25

Paýtagtymyzda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.


15fe2164a62924.jpeg
“Agzybirlik tilsimaty” ýurdumyzda ilkinji bolup kompýuter tehnikalaryny öndürmäge girişdi
22.12.20 - 20:54

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy ýurdumyzda ilkinji bolup kompýuter tehnikalaryny öndürmäge girişdi.


15fe1bb9156565.jpeg
Hormatly Prezidentimiziň adyndan birinji synp okuwçylara kompýuterleri gowşurmak dabaralary başlandy
22.12.20 - 14:25

21 dekabrda paýtagtymyzyň orta umumybilim berýän mekdeplerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan birinji synp okuwçylara Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary geçirildi.


15fe1ade86d02e.jpeg
Zehinli aýdymçy Leýli Ökdirowa “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna eýe boldy
22.12.20 - 13:28

Aşgabatda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.