
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
21.12.20 - 13:56Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar.

Döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň taslamalarynyň üstünde işlenilýär
20.12.20 - 15:32Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň taslamalarynyň üstünde işlenilýär.

Ýaş režisýor Arslan Eýeberdiýew «Durmuş kyssalary» atly çeper filmini surata düşürdi
20.12.20 - 12:34Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde ýaş režisýor Arslan Eýeberdiýew «Durmuş kyssalary» atly çeper filmini surata düşürdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşy
19.12.20 - 12:33Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
19.12.20 - 12:0218 dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Russiýanyň zawodlary TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin önümleri möhletinden öň ibermegi başardylar
18.12.20 - 21:48OMK Çelýabinsk zawody (Russiýa) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin «Türkmengaz» döwlet konsernine önümleri bellenilen möhletinden bir aý öň tabşyrmagy başardylar. Bu barada rus habar beriş serişdeleri habar berýärler.

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
18.12.20 - 13:2017 dekabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halypa ýoly dowamat-dowam
17.12.20 - 22:14Göwnüňe bolmasa, türkmen halky halypa-şägirt gatnaşyklaryna beýleki halklardan hem has köp üns berýän ýaly. Eger şeýle bolmasa, zehini, döredijiligi bilen tälim alan halypasyny ýatladyp duran adamlara aýratyn ýakymly bakyş bilen seredilermidi?! Eger şeýle bolmasa, «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýilermidi?! Halypadan ozdurmak üçin nähili tebigy zehiniň gerekdigi hemmä düşnükli. Ýöne halypa meňzäp bilmegem, biziň pikirimizçe, uly ussatlyk.

Eni-niň türkmen nebitini satyn almak boýunça bäsleşiginde SOCAR Trading ýeňiji boldy
17.12.20 - 13:56“SOCAR Trading” Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň golçur kärhanasy “Eni Turkmenistan” tarapyndan öndürilen türkmen nebitini satyn almak boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy. Bu barada Argus Media habar berýär.

Resmi habarlar
17.12.20 - 13:38Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik- syýasy guramalaryň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi
17.12.20 - 13:28Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Aşgabadyň ýaşaýjylary Täze ýyl kerwenini uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar
16.12.20 - 21:18Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk paýtuna ak mermerli türkmen paýtagty boýunça gezelenj etdip Täze ýyl arçasyna tarap ýola düşdiler. Iki gatly we dürli öwüşginde bezelen awtobusda oturan paýtagtymyzyň körpe ýaşaýjylary olary ugradýarlar.

Кöpöwüşginli yşyklar hemmeleriň söýýän baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi
16.12.20 - 17:5815 dekabrda ýurdumyzyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakylyp, hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan, jadyly we syrly, şadyýan hem-de hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi.

Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
16.12.20 - 12:3515 dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmaly kabul etdi.

Häzirki zaman çagyryşlar şertlerinde Bitarap Türkmenistanyň tejribesi has uly islegden peýdalanýar – RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy
15.12.20 - 13:32Russiýa, 25 ýyl ozal bitaraplygyny yglan eden, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny goldaýar, häzirki bar bolan çagyryşlary ýeňip geçmekde bitarap döwletiň tejribesini zerur hasaplaýar.