Habarlar
15fff709b7a5e4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
14.01.21 - 03:13

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


15fff6a753900e.jpeg
Çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy- köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy
14.01.21 - 02:47

Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy- köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


15fff07d678fb4.png
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
13.01.21 - 19:46

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


15ffebc2f2d51f.jpeg
ÝTÖB wekilleri bilen wideoduşuşyk geçirildi
13.01.21 - 14:24

12-nji ýanwarda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


15ffeb3e3a8991.jpeg
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
13.01.21 - 13:49

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


15ffdec15a845a.jpeg
Türkmenistan 2020-nji ýylda ECO-93 benzininiň eksportyny 2 esseden gowrak artdyrdy
12.01.21 - 23:36

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ECO-93 söwda belgili benziniň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse ýokarlandy.


15ffde8bdd7101.jpeg
Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisi: 11 ýyl üstünlikli işleýär
12.01.21 - 23:22

Howanyň sowamagy bilen Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberi artdy, täze ýylyň ilkinji günleri ol ilkinji gezek bir gije-gündiziň dowamynda 100 million kubmetre barabar boldy. Ozalkysy ýaly, “mawy ýangyjyň” esasy möçberi döwletara energetika ulgamyna Türkmenistanyň gaz känlerinden gelip gowuşýar.


15ffd649bd5225.jpeg
Rumyniýa türkmen energiýa serişdeleriniň Ýewropa bazarlaryna çykmagy üçin mümkinçilileri üpjün edip biler
12.01.21 - 13:58

Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmagy, ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi we sebitde strategiki wajyp energetika taslamalaryna gatnaşmagy türkmen energiýa serişdeleriniň Ýewropanyň bazarlaryna çykarylmagy üçin uzakmöhletleýin mümkinçilikleri döreder, Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministrligine salgylanyp, “Trend” agentligi habar berýär.


15ffcef5c93f3e.jpeg
“Syýasat we jemgyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy
12.01.21 - 05:37

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän “Syýasat we jemgyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


15ffce9549cc9c.jpeg
2021-nji ýylyň “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi
12.01.21 - 05:12

11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


15ffc790dc6e37.jpeg
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine badalga berildi
11.01.21 - 21:13

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesine bellenilen saýlawlaryna taýýarlyk işlerine badalga berildi.


15ffbb523aa48c.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasywnyň Prezidentine gynanç bildirdi
11.01.21 - 07:17

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo “Sriwijaýa Air” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň helekçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


15ffbb36a7e4f0.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
11.01.21 - 07:09

Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda gedeşikleriň 27-si baglaşyldy.


15ffb0cf4a6c31.jpeg
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi
10.01.21 - 19:19

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.


15ffafaf730c51.jpeg
Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
10.01.21 - 18:02

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.