
Aşgabat şäheriniň prokurory gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy
03.02.24 - 14:47Aşgabat şäheriniň prokurory Öwezmämmed Şyhmämmedow gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandary Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli gutlady
02.02.24 - 16:54Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

“Lebapgazçykaryş” müdirligi: geçen ýylyň netijeleri we 2024-nji ýyl üçin meýilnamalar
02.02.24 - 23:24“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirliginde geçen ýylyň önümçilik görkezijileriniň jemleri jemlenildi we 2024-nji ýyl üçin meýilnamalar belli edildi.

BOTAŞ kompaniýasy türkmen gazyny türk we dünýä bazaryna çykarmaga gyzyklanma bildirýär
02.02.24 - 23:21BOTAŞ türk döwlet energetika kompaniýasynyň wekiliýeti türkmen gazyny Türkiýä ibermek meseleleri boýunça ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz konsernleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Arkalaşygyň giňişliklerinde bilelikde işlemek taslamalarynda Türkmenistanyň orny barada
01.02.24 - 22:47Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Arkalaşygyň giňişliklerinde bilelikde işlemek taslamalarynda ýurduň eýeleýän orny barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew “Mir” teleýaýlymyna beren interwýusynda gürrüň berdi.

“Galkynyş” käninde 14 sany goşmaça guýy işe giriziler
01.02.24 - 17:28“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” käninde 14 sany täze guýynyň gurluşygynda serwis hyzmatlaryny bermek üçin potratçylary saýlamak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi. Degişli bildiriş Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Türkmenistanyň DIM-inde Merkezi Aziýa we Ýaponiýanyň birinji ýokary derejeli Sammitine taýýarlyk maslahatlaşyldy
01.02.24 - 17:23Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami Masakiniň arasynda geçirilen duşuşykda 2024-nji ýylda Astanada meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa we Ýaponiýanyň birinji ýokary derejeli Sammitini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Arkadag we Aşgabat şäherlerini elektrikli otly birleşdirer
31.01.24 - 23:18“Akylly” şäher Arkadagy we ýurdumyzyň paýtagtyny Türkmenistanda hereket etjek ilkinji elektrikli otly birleşdirer. Otly bu aralygy bary-ýogy 18 minutda geçer.

Nebitgazylmytaslama YBI-niň alymlary uglewodorodlaryň çykarylyşyny kämilleşdirmek üçin oýlap tapyşlaryny ornaşdyrdylar
31.01.24 - 23:10“Türkmennebit” döwlet konserniniň Nebitgazylmytaslama ylmy-taslama barlag institutynyň alymlary plast suwlaryny arassalamak boýunça işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrdylar.

USAID-iň YDA taslamasy Maryda “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde IT ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlady
31.01.24 - 10:03Şu ýylyň ýanwar aýynda USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Marydaky tapgyryny üstünlikli tamamlady. Alty aýlyk maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylaryň 33-si şu ugurlaryň biri boýunça hünar aldylar: “IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak” we “Grafiki dizaýny”.

Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ulag geçelgesine öwrülmäge taýýar
30.01.24 - 18:57Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag merkezine öwrülip biler. Biziň ýurdumyz Hazar deňzinde häzirkizaman port infrastrukturasynyň bolmagy bilen, materikde ýükleriň üstaşyr geçmegi üçin halkara ulag hökmünde ähmiýeti diňe artýar, diýip Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew maýadarlar forumyna mälim etdi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň saýtynda habar berilýär.

Arkadag şäherinde önümçilik desgalarynyň taslamasy boýunça maslahat beriş işlerini german kompaniýalary ýerine ýetirer
30.01.24 - 18:44Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.

Halkymyzyň buýsanjyny artdyrýan döwür
30.01.24 - 13:48Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza baştutanlyk edip başlan ilkinji günlerinden halkymyz barada aladany öz syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde öňe sürüp, türkmenistanlylaryň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine ösüşiň täze belentliklerine tarap aýgytly ädimleri kesgitledi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
30.01.24 - 00:27Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Türkmenistan arassa energetikany ileri tutmakda anyk ädimleri ädýär
28.01.24 - 16:57Türkmen wekiliýetiniň 22-23-nji ýanwarda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň barşynda resminamalaryň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.