Habarlar
165b4c0f04eb22.jpeg
“Lebapgazüpjünçilik” müdirligi Lebap welaýatynda gaz üpjünçiliginiň ýokary depginlerini saklaýar
27.01.24 - 13:38

Ýurdumyzda ilatly nokatlaryň, önümçilik desgalarynyň, medeni-hojalyk maksatly binalaryň gaz bilen üpjünçilik meseleleri we içerki sarop edijileri tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmeklik Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň hemişe üns merkezinde saklanýar.


165b3feb4c7f93.jpeg
Türkiýäniň ilçisi: Ankara türkmen elektrik energiýasyny günbatar bazaryna daşamakda geçelge bolmaga çalyşýar
26.01.24 - 23:49

25-nji ýanwarda Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok özüniň rezidensiýasynda geçirilen press-konferensiýada türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny ýakyn günlerde günbatar bazaryna daşamak boýunça işlere başlanmagyna umyt bildirýändigini aýtdy.


165b26196d4483.jpeg
Ýaponiýanyň ulag-kommunikasiýa edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
25.01.24 - 18:26

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


165b25fe254fc6.jpeg
“Türkmengeologiýa” DK Balkan welaýatynyň ýerasty suw çeşmelerini üstünlikli özleşdirýärler
25.01.24 - 18:19

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Balkan welaýat gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleri 2023-nji ýylda 6353 pogon metr guýularda iş geçirdiler, bu bellenilen meýilnamadan 1123 metr artykdyr.


165b15ad491560.jpeg
Ýaponiýada “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji sammitini geçirmek meseleleri maslahatlaşylýar
24.01.24 - 23:45

23-nji ýanwarda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


165b1595d85eb4.jpeg
Türkmenistanyň Ýaponiýanyň maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýär
24.01.24 - 23:39

Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda, 22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko we Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI) ýerine ýetiriji diektory hem-de başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşyklary geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


165b1433b71258.jpeg
Tokioda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby tanyşdyryldy
24.01.24 - 22:04

Sişenbe güni Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Tsukuba Uniwersitetinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline tejime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.


165b0009087949.jpeg
Türkmenistan “Mosfilmiň” 100 ýyllyk taryhynda
23.01.24 - 23:08

Russiýanyň iri “Mosfilm” kinostudiýasy 2024-nji ýylyň ýanwarynda 100 ýyllygyny belleýär. Kinofabrigiň şanly taryhynda türkmen sahypalary bolup, olar rowaýata öwrülen kinofilmleriň surata düşürilmegi bilen baglydyr. Nusgawy kinolara öwrülen “Çölüň ak güneşi” («Белое солнце пустыни») hem-de “Kin-dza-dza” ýaly meşhur filmleriň ençeme parçalary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde surata düşürildi.


165afe0a7f41eb.jpeg
Mary welaýatynyň erkin göreş boýunça çempionaty çekeleşikli geçirildi
23.01.24 - 20:52

Golaýda Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň gurnamagynda Murgap etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň № 1 sport mekdebinde erkin göreş boýunça Mary welaýatynyň çempionaty geçirildi. Çekeleşikli geçen göreşde 15 ýaşdan ýokary türgenler özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.


165afb0b981170.jpeg
Ýaponiýada ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda birnäçe resminama gol çekildi
23.01.24 - 17:27

22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


165afa75423bb8.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi
23.01.24 - 16:47

Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


165af9a93852c3.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
23.01.24 - 15:53

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.


165aeb4b03d63f.jpeg
Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy
22.01.24 - 23:32

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasy hödürlenildi.


165aeb37b13492.jpeg
Hökümet mejlisinde 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamasyna garaldy
22.01.24 - 23:27

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy hödürlenildi. Degişli taslamany döwlet Baştutanynyň garamagyna wise-premýer B.Annameredow hödürledi.


165ad5e1ab9df0.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi
21.01.24 - 23:10

19-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.