
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
13.02.24 - 19:38Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Ýurdumyzyň Ak bugdaý etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollar pul baýragy gowşuryldy
13.02.24 - 19:2312-nji fewralda Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

“Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda mekdepler we çagalar baglary gurular
13.02.24 - 06:39Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanda 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy
12.02.24 - 23:472024-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň wekilleri “Merkezi Aziýa+ABŞ” kritiki minerallar boýunça Dialoga gatnaşdy
12.02.24 - 23:39Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň, "Türkmengaz", "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" döwlet konsernleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet Waşington şäherinde "Merkezi Aziýa+ABŞ" görnüşinde kritiki minerallar boýunça ilkinji dialoga gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
10.02.24 - 06:32Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.

Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
09.02.24 - 19:25Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mart aýynda Türkmenistana geler
09.02.24 - 00:15Mart aýynda Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geler diýip, Russiýa Federasiýasyndaky türkmen wekilhanasynyň saýty habar berýär.

“Balkangidrogeologiýa” ekspedisiýasy günbatar sebitde agyz suwunyň ätiýaçlyklaryny artdyrýar
09.02.24 - 18:36“Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasy” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Balkangidrogeologiýa” ekspedisiýasynyň zähmet toparlary düýpli goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.02.24 - 10:266-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy
07.02.24 - 10:032024-nji ýylda degişli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna, ulanmaga tabşyrylmagyna, degişlilikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik ederler.

“Türkmennenbit” we Dragon Oil nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
06.02.24 - 23:59“Türkmennebit” döwlet konseriniň ýolbaşçylary bilen ýurdumyza iş sapary bilen gelen BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşykda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
06.02.24 - 13:13Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

1-nji tapgyr
05.02.24 - 16:531-nji tapgyr Aklar başlaýar we utýar Kombinasiýa 2 utuk berilýär

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-da aprel aýynda halkara derejeli çäreler geçiriler
06.02.24 - 00:01Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde halkara derejeli çäreleriň birnäçesi geçiriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.