Habarlar
1659ea9b0e4e7c.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň COP28-de öňe süren milli garaýyşlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde neşir edildi
10.01.24 - 19:29

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň maslahatynyň ýigrimi sekizinji mejlisinde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany, Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.


1659d338bec12d.jpeg
Parižde geçiriljek maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri başlandy
09.01.24 - 16:52

Türkmenistanyň energetika kompaniýalary 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek türkmen energetika maýa goýum forumyna işjeň taýýarlyk görüp başladylar.


1659bdbbd3f9c7.jpeg
“Türkmennebit” DK-nyň “Nebitgazçykaryş” trestine täze tehnikalaryň nobatdaky tapgyry geldi
08.01.24 - 16:25

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşen “Nebitgazçykaryş” trestiniň tehnoparky ýakynda HHR-de öndürilen ýokary öndürijilikli tehnikalaryň 30 sanysy bilen ýetirildi. Trestiň nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «TY 160G» kysymly täze buldozerleri uly minnetdarlyk bilen kabul etdiler.


1659b912d7e12d.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
08.01.24 - 11:07

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.


165998877d0a29.jpeg
«Türkmennebit» DK we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
06.01.24 - 22:05

4-5-nji ýanwarda BAE iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşyk tamamlanandan soňra, Milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.


165998639793f6.jpeg
“Türkmengaz” DK we ADNOC kompaniýasy ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
06.01.24 - 21:56

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler diýip, TDH habar berýär. Resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş saparynyň çäklerinde gol çekildi.


16598b1d6b787d.jpeg
«Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy
06.01.24 - 06:50

5-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy. “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul etdi.


1659820ebdfdb1.jpeg
Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
05.01.24 - 20:31

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy diýip, TDH habar berýär.


165981c7863db6.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-de döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy
05.01.24 - 20:12

BMG-niň saýtynda 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 48-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen iki kararnama çap edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


1659819b019906.jpeg
BMG-niň saýtynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen energetika we ulag boýunça kararnamalar çap edildi
05.01.24 - 20:01

BMG-niň saýtynda 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 48-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen iki kararnama çap edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


16597f3c44faf6.jpeg
ÝURDUMYZDA TÄZE ÝYLDA ILKINJI BÄBEJIK ARKADAG ŞÄHERINDE DÜNÝÄ INDI
05.01.24 - 17:19

2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlykly wakalara beslenen ilkinji pursatlarynda ýurdumyzda täze ýyldaky ilkinji bäbek dünýä indi. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä inen oglanjyga ata-enesi Arkadag diýip at goýdular.


1659658f054d33.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
04.01.24 - 12:06

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.


165965af18508a.jpeg
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK MÖHÜMDIR
04.01.24 - 12:14

Howanyň sowamagy bilen gyş aýlary ýiti respirator ýokanç keseller köpelýär. Keseliň esasynda dem alyş ýollary zeperlenýär. Kesel sebäpli adamda gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklyk döreýär. Kesel agyr geçen ýagdaýynda ýürek-damar, dem alyş we merkezi nerw ulgamlary zeperlenýär we agyr gaýrüzülmeler ýüze çykýar.


16595ab633ad3a.jpeg
«Lebapgazçykaryş» müdirligi ýyllyk meýilnamasyny 11 aýda ýerine ýetirdi
03.01.24 - 23:45

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri ýyllyk meýilnamalaýyn borçnamalaryny bellenilen möhletinden bir aýdan gowrak öň ýerine ýetirdiler.


1659547250e40e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
03.01.24 - 16:38

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri Fumio Kisida Ýaponiýanyň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.