
Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işiniň on aýynyň jemleri jemlendi
13.11.23 - 18:23Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Balkan welaýatynyň daýhanlary ýurdumyzda ilkinji bolup pagta taýýarlamak baradaky borçnamany ýerine ýetirdiler
13.11.23 - 13:2712 noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýunyň uly dabaralara beslenýän gününde Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar.

Türkmenistanda Hasyl baýramy giňden bellenilýär
12.11.23 - 16:46Şu gün, 12 – nji noýabrda ýurdumyzda Hasyl baýramy giňden bellenilýär. Ýaňy ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýyl iň ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitindäki ÇYKYŞY
10.11.23 - 19:01Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitindäki ÇYKYŞY.

Türkmenistanyň Prezidenti YHG ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi
10.11.23 - 17:28Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi diýip, TDH habar berýär.

USAID YDA Taslamasy tejribelige çagyrýar
10.11.23 - 10:23USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş bilen üpjün etmek hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary üçin stažýorlary kabul edýär. Stažýorlar “Wakant” iş orunlar onlaýn-platformasyny ornaşdyrmagyň üstünde kadrlar agentlikleri bilen işleşerler.

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan YHG ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga taýýar
09.11.23 - 18:20Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar
09.11.23 - 14:46Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy.

Türkmenistan Yraga ýylda 9 mlrd kub metr tebigy gaz iberer
09.11.23 - 14:23Çarşenbe güni paýtagtymyzda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

TNGIZT-niň täze energiýa taslamasy GFR-iň ylmy edaralarynyň halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy
08.11.23 - 17:09Ýakynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ulanyşa girizilen täze gaz turbinalary Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy ylmy edaralarynyň şahadatnamalaryna mynasyp boldy.

ÝHHG-niň Türkmenistandaky seminarynda metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri maslahatlaşyldy
08.11.23 - 17:05Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri ÝHHG tarapyndan metan zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda gözegçiliklere we ylmy barlaglara bagyşlanyp, 6-7-nji noýabrda geçirilen seminara gatnaşdylar. Bu barada ÝHHG_niň Aşgabatdaky Merkezi habar berdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
07.11.23 - 17:13Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň DIM-inde Eýranyň täze bellenen ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
07.11.23 - 16:53Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Daewoo Engineering & Construction Aşgabatda şahamçasyny açdy
06.11.23 - 16:25Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Daewoo Engineering & Construction koreý kompaniýasy 31-nji oktýabrda Aşgabatda şahamçasyny açdy. Bu şahamça Merkezi Aziýada kompaniýanyň işini giňeltmek üçin öňdebaryjy baza öwrüler diýip, kompaniýanyň Metbugat gullugy habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
06.11.23 - 09:33Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra Paudele we Premýer-ministri Puşpa Kamal Dahala ýurduň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.