
Serdar Berdimuhamedowyň energetika we durmuş düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi hem-de düýbi tutulmagy mynasybetli dabaradaky ÇYKYŞY
04.11.23 - 19:00Serdar Berdimuhamedowyň energetika we durmuş düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi hem-de düýbi tutulmagy mynasybetli dabaradaky ÇYKYŞY.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki ÇYKYŞY
04.11.23 - 18:37Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki ÇYKYŞY.

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
03.11.23 - 16:333-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapar bilen geldi.

Türkmenistan noýabrda GFR-de we Beýik Britaniýada işewürlik forumlaryny geçirer
03.11.23 - 16:01Türkmenistanyň wekiliýeti noýabr aýynda Berlinde we Londonda işewürlik forumlaryny geçirer. Penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedow täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
03.11.23 - 15:55Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

«Sibir elektrotehniki zawody» Türkmenistanda serwis merkezini açmagy meýilleşdirýär
02.11.23 - 15:46«Sibir elektrotehniki zawody» Türkmenistanda serwis merkezini açmagy meýilleşdirýär. Bu meýilleri barada Nowosibirskiden «Sibir elektrotehniki zawody» ÝGPJ-niň umumy meseleler boýunça baş direktorynyň orunbasary Andreý Ýekimow 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2023) halkara forumynda belläp geçdi.

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» forumynda ykdysadyýet ulgamynda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi
02.11.23 - 15:441-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň netijeleri boýunça Daşary işler ministrleriniň bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Şeýle-de, bu forumyň sekretariatynyň 2024-nji ýyl üçin iş maksatnamasy tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda neşir edilen Metbugat beýanynda habar berilýär.

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Hökümetara ylalaşyga gol çekdiler
02.11.23 - 15:42Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Çžiniň arasynda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga» gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.

Türkmenistan we Özbegistan 2023-2024-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk «Ýol kartasyna» gol çekdiler
02.11.23 - 15:39Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredow we B.Saidow 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Dragon Oil 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul dereje ýakylyşyna geçer
01.11.23 - 16:13Dragon Oil kompaniýasy 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul derejede ýakylyşyna geçmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Ali Raşid Al-Jarwan habar berdi. Ol şeýle hem bu çäräniň uglewodorodlaryň çykarylyşyny ekologiýa taýdan howpsuz etjekdigini nygtady.

TNGIZT-de iki sany täze gaz turbinaly elektrik bekedi işe giriziler
31.10.23 - 16:55Balkan welaýatynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasy ulanyşa girizler.

HNGU-nyň Wodorod energetikasy merkezinde suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjy alyndy
31.10.23 - 16:53Türkmenistanyň alymlary ilkinji bolup suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny aldylar. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkeziniň direktory Hakberdi Hoşdurdyýew 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Türkmenistan we Pakistan TOPH-nyň owgan böleginiň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirer
31.10.23 - 13:47Türkmenistan we Pakistan TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirer diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
30.10.23 - 23:21Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Prezidenti SNGIZ-niň öndürijiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy
30.10.23 - 23:14Geçen şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.