Habarlar
16566cfc0b77cb.jpeg
Halkara giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär
29.11.23 - 10:44

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy, iri taslamalary amala aşyrmak döwletiň üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iri halkara forumlarynda, ýokary derejeli duşuşyklarda, hökümetara toparlarynyň mejlislerinde edýän çykyşlary, olaryň çäklerinde gol çekilýän resminamalar we ylalaşyklar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.


165661d8dbe691.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ekologiýa meselesini maslahatlaşdy
28.11.23 - 22:04

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.


165661ab98325e.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
28.11.23 - 21:52

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.


16564868470828.jpeg
COP-28 maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eder
27.11.23 - 17:07

30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda BAE-de Dubaýda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eder.


1656484e1ab0d1.jpeg
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisinde nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylar
27.11.23 - 17:00

29-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde nebitgaz, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriara alnyp maslahatlaşylar.


16564819b4d62e.jpeg
Prezident: «Türkmengaz» DK-nyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmeli
27.11.23 - 16:46

Geçen anna güni, 24-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.


165618ade7cd4d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy dilen gutlady
25.11.23 - 10:49

Türkmenistanyň Prezidenti Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy dilen gutlady.


16560aca623ed1.jpeg
Uzynada käniniň täze guýularyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy
24.11.23 - 19:01

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary ýurdumyzyň şanly wakalaryna — Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna we Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe zähmet ýeňişleri bilen barýarlar.


1655f78046b17e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz ulgamynda Malaýziýa bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy belledi
23.11.23 - 21:04

Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


1655f72217a979.jpeg
Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşy artýar
23.11.23 - 20:39

Türkmenistanyň gadymy nebit känleriniň biri bolan Goturdepe käninde şu ýylyň geçen on aýynda «gara altynyň» 895 müň tonnadan gowragy çykaryldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,5 müň tonna artykdyr. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


1655dfb64a73c7.jpeg
«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» tresti 430-dan gowrak nebit guýusynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirdi
22.11.23 - 18:00

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň hünärmenleri şu ýylyň geçen döwründe 436 sany nebitgaz guýusyny düýpli abatladylar. Bu meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 70 guýy köpdür. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


1655d72c827d74.jpeg
Malaýziýanyň täze ilçisi bilen ileri tutulan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
22.11.23 - 08:17

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


1655c326c810fe.jpeg
Türkmenistan içerki bazary nebit önümleri bilen doly üpjün edýär we olary daşary ýurtlara iberýär
21.11.23 - 09:30

"Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna" laýyklykda, ýurduň içerki bazaryny nebit önümleri bilen üpjün etmek, şeýle hem olary daşary ýurtlara ugratmak üçin öndürilýän nebit we gazhimiýa önümleriniň mukdaryny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.


1655c1e9a88001.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
21.11.23 - 08:06

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy.


1655b88d3eacdf.jpeg
Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi
20.11.23 - 21:26

17-18-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi energetika we awtoýollaryň gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek bilen tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.