
USAID-iň YDA taslamasynyň «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy Mary welaýatynda amala aşyrylyp başlanýar
18.06.23 - 09:48USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde guraýan «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy boýunça okuw kurslarynyň Mary şäheriniň Aga Hanjaýew köçesiniň 15-nji “A” jaýynda ýerleşýän okuw binasynda geçirilýändigini we oňa gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň başlanýandygy barada habar berýär.

Maksim Bortnikow – “Gazprombank” bankynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça dolandyryjy müdiri:
17.06.23 - 13:13Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatyň mowzugy örän wajyp bolup, munuň şeýledigine oňa gatnaşanlaryň düzümi şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda döwlet edaralarynyň, iri halkara guramalarynyň, banklaryň, iri gaz çykaryjy kompaniýalarynyň wekilleri, alymlar, esasy hünärmenler we nebitgaz ulgamynyň bilermenleri boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
17.06.23 - 10:31Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy geçiriler
17.06.23 - 10:002023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyşynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Gurban baýramy Türkmenistanda 28-29-30-njy iýunynda belleniler
17.06.23 - 09:22Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Gurban baýramyny bellemek hakynda.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologiýa meselelerini maslahatlaşdylar
23.06.23 - 12:36Türkmenistanyň paýtagtynda 15-nji iýunda «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Çäräniň guramaçylary bolup, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» HJ we Gaffney Cline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Çagalaryň dynç alşy şowhuna beslenýär
15.06.23 - 23:27Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomsuň ilkinji günlerinde okuw möwsümini tamamlan çagalary ýurdumyzyň ajaýyp Gökdere jülgesindäki köpsanly sagaldyş-dynç alyş merkezleri gujak açyp garşylady. Şolaryň hatarynda Gökderedäki «Şöhle» we «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri hem bar. Olarda dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň her gününiň manyly we netijeli geçmegi üçin ähli şertler döredilipdir.

«Türkmenenergo» korporasiýasy Türkmenistanyň aýry-aýry etraplarynda Gün elektrostansiýalaryny gurar
15.06.23 - 21:25«Türkmenenergo» energetika korporasiýasy Türkmenistanyň uzakdaky ilatly nokatlarynda umumy kuwwatlylygy başlangyç tapgyrda 6 MWt-dan köp bolan Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär.

HNGU-da ylmy forumyň öňüsyrasynda çäreler geçirildi
15.06.23 - 11:5514-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň öňüsyrasynda iki sany deslapky çäreler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna iş saparyny amala aşydy
14.06.23 - 22:0313-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär
14.06.23 - 20:2113-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bellendi
14.06.23 - 19:1712-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ekologiýa jähtleri boýunça ylmy foruma 20 ýurtdan 800 wekil gatnaşar
13.06.23 - 23:1515-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
13.06.23 - 23:10Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.

Nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
12.06.23 - 23:5612-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.