
Türkmenistanda içerki syýahatçylyk giň meşhurlyga eýe bolýar
05.06.23 - 12:04Syýahatçylyk ulgamynda geçirilýän özgertmeler, jahankeşdeligiň çäkleriniň giňelmegi, Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, gözel tebigatyny dünýä ýaýmak, şeýle hem syýahatçylygyň ekologiýa, dynç alyş, sport we atçylyk ýaly görnüşleriniň peýda bolmagy, dynç almak üçin döwrebap we amatly şertleri döretmek boýunça işleri dowam etmek milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmek işinde ileri tutulýan ugurlara öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti pajygaly otly heläkçiligi zerarly Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
05.06.23 - 11:16Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Odişa ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
04.06.23 - 12:153-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan welosipedli ýörişe gatnaşdy
04.06.23 - 11:383-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara baýramy – Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy, bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylaryň müňlerçesini özünde jemledi.

Türkmen halkynyň milli Lideri Arkadag şäherinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy
04.06.23 - 11:093-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy – Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
03.06.23 - 19:58Penşenbe güni, 1-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Türkmenistan we Eýran nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýärler
02.06.23 - 09:40Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30 — 31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda geçiren gepleşikleriniň temalarynyň biri nebitgaz ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada boldy.

Türkmenistanyň DIM-inde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
01.06.23 - 21:01Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Eýrana saparynyň jemleýji gününde Gurbanguly Berdimuhamedow Mapna Group senagat toplumyna baryp gördi
01.06.23 - 20:56Çarşenbe güni, 31-nji maýda iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp gördi diýip, TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryny hem-de halkyny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady
01.06.23 - 08:33Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryny hem-de halkyny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady.

Türkmenistanyň we Eýranyň Liderleri Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
31.05.23 - 11:12Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygynyň dowamynda Hazar deňzinde türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raisi bilen söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy
31.05.23 - 11:04Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygynyň dowamynda söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo E&C Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
30.05.23 - 18:11Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-jun bilen duşuşygynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.

Seýed Raisiniň çakylygy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana iş sapary başlandy
30.05.23 - 18:03Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkiýäniň Prezidenti iki ýurduň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ygrarlylygyny tassykladylar
30.05.23 - 11:11Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy diýip, TDH agentligi habar berýär.