Habarlar
164967a5cb2464.jpeg
Türkmenistan Hytaýa tebigy gazynyň eksportyny ýanwar-maý aýlarynda 13,5% artdyrdy
24.06.23 - 10:08

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde öňdebaryjy orny eýelemegini dowam edýär. Ýanwar-maý aýlarynda Hytaýa 4,25 mlrd dollarlyk türkmen «mawy ýangyjy» iberildi, şol bir wagtda ösüş 13,5%-e deň boldy. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berýär.


164958d6bf0606.jpeg
Türkmenistanyň zenanlary Almatada Merkezi Aziýada energetika geçilmegini amala aşyrmakda zenanlaryň ornuny maslahatlaşdylar
23.06.23 - 17:12

12-15-nji iýunda Türkmenistanyň zenanlary Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýada energetika geçilmegini amala aşyrmakda zenanlaryň orny” atly maslahata gatnaşdylar.


16494ab883e618.jpeg
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
23.06.23 - 01:13

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilen we giň okyjylar köpçüligine hödürlenen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


1649442aabf8dd.jpeg
Seýdiniň NGIZ-de bäş aýda 146 müň tonnadan gowrak nebit öndürildi
22.06.23 - 17:46

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 194 müň 457 tonna nebit gaýtadan işlenildi, şolardan 146 müň 295 tonna önüm öndürildi.


16493d1fbec2c3.jpeg
Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy tassyklanyldy
22.06.23 - 09:45

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi.


16492e7b0600bf.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň yglan eden bäsleşigi «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi üçin kompressor stansiýasyny gurjak potratçyny kesgitlär
21.06.23 - 17:06

«Türkmengaz» döwlet konserni halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň "KS-1 Şatlyk" kompressor stansiýasyny gurjak, enjamlar bilen üpjün etjek we ony işe girjek kompaniýany kesgitlär. Degişli bäsleşik 20-nji iýunda «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edildi.


16491f3ee2ccbc.jpeg
Mejlisde Ýewroparlamentiň wekilleri bilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
20.06.23 - 17:47

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşygynda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika we ynsanperwer-medeni ugurlarda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.


16491f2d27caa2.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
20.06.23 - 16:37

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.


1649051c1ebd42.jpeg
Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmek boýunça «Ýol kartasy» tassyklanyldy
19.06.23 - 18:01

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasyny” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.


164904eb42b2df.jpeg
«Belli» HJ “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar
19.06.23 - 17:48

“Belli” hojalyk jemgyýeti Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli karary duşenbe güni Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde çap edildi.


1648e9f0d41df9.jpeg
«Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap çap edildi
18.06.23 - 11:07

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis we rus dillerinde «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap çap edildi.


1648e8cbb0081a.jpeg
USAID-iň YDA taslamasynyň «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy Mary welaýatynda amala aşyrylyp başlanýar
18.06.23 - 09:48

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde guraýan «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy boýunça okuw kurslarynyň Mary şäheriniň Aga Hanjaýew köçesiniň 15-nji “A” jaýynda ýerleşýän okuw binasynda geçirilýändigini we oňa gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň başlanýandygy barada habar berýär.


1648d6b3bd53a0.jpeg
Maksim Bortnikow – “Gazprombank” bankynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça dolandyryjy müdiri:
17.06.23 - 13:13

Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatyň mowzugy örän wajyp bolup, munuň şeýledigine oňa gatnaşanlaryň düzümi şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda döwlet edaralarynyň, iri halkara guramalarynyň, banklaryň, iri gaz çykaryjy kompaniýalarynyň wekilleri, alymlar, esasy hünärmenler we nebitgaz ulgamynyň bilermenleri boldy.


1648d451ed1a67.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
17.06.23 - 10:31

Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.


1648d3e09b53c6.jpeg
2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy geçiriler
17.06.23 - 10:00

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyşynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.