
Serdar Berdimuhamedow: Biz Türkmenistandan Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris
09.01.23 - 15:43Türkmenistan we Hytaý gaz ibermeleriniň möçberini artdyrmagyň üstünde işleýärler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Pekinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynda belledi diýip, TDH habar berýär.

«Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 350 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi
09.01.23 - 14:28Ulanylyp başlanyndan häzirki wagta çenli Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa döwlet saparynyň öňüsyrasynda «Ženmin Žibao» gazetine taýýarlan makalasynda aýdylýar. Makala geçen anna güni «Нейтральный Туркменистан» gazetinde hem çap edildi.

“Röwşen” hususy kärhanasy Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzeler
09.01.23 - 08:10Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 195-nji Kararyna laýyklykda, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek hem-de toplumda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi.

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň gepleşikleri geçirilýär
06.01.23 - 17:05Anna güni Pekinde Hytaý Halk Respblikasyna (HHR) döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler başlandy diýip, TDH habar berýär.

Pekinde gol çekilen resminamalaryň hatarynda — «Türkmengaz» DK bilen CNPC-niň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bar
06.01.23 - 17:03Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistan we Hytaý gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer
06.01.23 - 17:00Türkmenistan bilen Hytaý gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.

«Arkadag şäheri — bagtyýarlyk mekany»
06.01.23 - 15:22Şeýle at bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ähli pudaklaryndan ýolbaşçylar we zähmet köpçüligi gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň, ordinatorlaryň sany tassyklady
06.01.23 - 08:12Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa başlan saparynyň barşynda resminalar bukjasyna gol çekmek meýilleşdirilýär
05.01.23 - 16:31Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa boljak döwlet saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
05.01.23 - 16:14Prezident Serdar Berdimuhamedowyň täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Türkmenbaşyda çagalar üçin täze ýyl ertekisiniň sahnalaşdyrmasy üstünlikli geçirildi
04.01.23 - 22:15Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda «Jadyly hasa ýa-da Garpamygyň başdan geçirenleri» sahnasynyň görkezilişi boldy. Sahna eserini teatr studiýasynyň režisýory Natalýa Kuznesowa goýdy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
03.01.23 - 23:43Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
02.01.23 - 19:111-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynyň zalynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl mynasybetli sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy
01.01.23 - 13:18Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy.

Hormatly Prezidentimiz çagalary bilen Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy
31.12.22 - 10:1530-nji dekabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda çagalar toparlarynyň, estrada artistleriniň, teatr we sirk ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.