Habarlar
163afbfcb74fad.jpeg
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
31.12.22 - 09:51

30-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy.


163ae8fba6fb11.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi
30.12.22 - 12:14

Türkmenistanda 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.


163ae8f520828f.jpeg
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ady saýlandy — «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»
30.12.22 - 12:12

Türkmenistanda 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçer. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi degişli Karar çykardy we ol anna güni ýurduň merkezi neşirlerinde çap edildi.


163ade1c79b317.jpeg
Russiýa Gazagystana we Özbegistana gaz ibermegi artdyrmagy maslahatlaşýar
29.12.22 - 23:51

Russiýa Gazagystan we Özbegistan tarapyndan gazyň sarp edilişiniň artmagy netijesinde bu ýurtlaryň içerki bazarlary üçin ýangyjyň bu görnüşini ibermegini artdyrmak meselesini maslahatlaşýar. Bu barada RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowak TASS-a beren interwýusynda habar berdi.


163ad9d1960ac6.jpeg
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda “Abadançylyk” söwda-dynç alyş merkezini we täze bazary açdy
29.12.22 - 18:58

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günbatar künjeginde “Abadançylyk” söwda-dynç alyş merkezini açdy. Täze merkez binagärligiň nusgawy we häzirki zaman usullarynyň sazlaşdyrylmagy esasynda guruldy. Bu ýerde söwda zallarynyň 5-si, restoran, toý mekany, çaýhana we beýlekiler bar.


163ad96a7a3d08.jpeg
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda 3064 maşgala üçin niýetlendirilen ýaşaýyş jaýlarynyň 62-sini açdy
29.12.22 - 18:31

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 4 gatly 3064 maşgala üçin niýetlendirilen ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si, umumy bilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy.


163ac72c4db168.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahatynyň we sergisiniň senesi belli boldy
28.12.22 - 21:45

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahaty we sergisi indiki ýylyň 25-27-nji oktýabrynda geçiriler.


163ac50afabd1a.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
28.12.22 - 19:20

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.


163aacd677659c.jpeg
Ärdogan: Türkiýäniň Gara deňizdäki tebigy gaz ätiýaçlyklary 710 mlrd kub metre çenli artdy
27.12.22 - 15:48

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan duşenbe güni Gara deňizde Türkiýäniň tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň 710 mlrd kub metre deňdigini habar berdi diýip, Interfaks agentligi Anadolu agentligine salgylanyp habar berdi.


163aacbfde63f1.jpeg
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
27.12.22 - 15:42

Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


163aab534ec72a.jpeg
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy tamamlanýar
27.12.22 - 14:04

Şu gün ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy tamamlanýar. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda dekabr aýynyň 17-nden 27-si aralykda “Ilat ýazuwy-2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygar astynda geçirildi.


163a98d682a142.jpeg
Ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meseleleri Hökümet mejlisinde maslahatlaşyldy
26.12.22 - 17:02

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde nebit önümlerini öndürmek we paýlamak, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.


163a98c7e563fe.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň premýer-ministri we birnäçe edaralarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi
26.12.22 - 16:58

«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisine gatnaşmak üçin Tokio şäherinde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň wekiliýeti geçen anna güni Premýer-ministr Fumio Kişida bilen duşuşdylar we birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


163a959c07d1b1.jpeg
Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler
26.12.22 - 13:22

Ýurdumyzda türkmen halkynyň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça uly işler alnyp barylýar.


163a956bdc0d27.jpeg
Türkmenistanda täze ýylyň birinji aýynda medeni çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler
26.12.22 - 13:09

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralar geçiriler. 1 — 10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasyny, şeýle-de Baş arçanyň ýanynda baýramçylyk çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.