
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri nebitgaz we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyk meselelerini maslahatlaşdylar
14.12.22 - 23:20Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti nebitçileri, gazçylary we geologlary hünär baýramy bilen gutlady
14.12.22 - 09:08Türkmenistanyň Prezidenti nebitçileri, gazçylary we geologlary hünär baýramy bilen gutlady.

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
14.12.22 - 00:15Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekiliýeti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
13.12.22 - 23:37Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistan — dizel ýangyjynyň iň arzan bahaly ýurtlarynyň hatarynda
13.12.22 - 22:01Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bahasy — dünýäde iň arzanlarynyň biri. Muňa GlobalPetrolPrices portaly tarapyndan düzülen dünýä boýunça dizel ýangyjynyň bahalarynyň reýtingi şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri üçin Daşkentde 12 öýli ýaşaýyş jaýy gurlar
12.12.22 - 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) ilçihanasyna öz işgärleri üçin Daşkent şäherinde 12 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak barada “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konsertini geçirdi
12.12.22 - 00:40Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Diýarymyzyň Baky Bitaraplyk baýramy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy baýramçylyk konsertini geçirdi. Konsertiň maksatnamasynda nusgawy dünýä sazlary we milli kompozitorlaryň saz eserleri ýerine ýetirildi. Konsertde ýekelikde we ansamblda, hor, milli halk saz gurallary orkestr we simfoniki orkestr toparlary çykyş etdiler.

Türkmenistan Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebini gurar
11.12.22 - 14:16Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) ilçihanasyna Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň “Ergeş Sultanow” daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak barada “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Halkara habarlar merkezi açylar
11.12.22 - 12:25Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirer
11.12.22 - 11:46Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Raşid Meredow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandyryldy
11.12.22 - 10:59Raşid Meredow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandyryldy.

Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly tory dörediler
11.12.22 - 10:08Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly tory dörediler.

Türkmenistan we Azerbaýjan ýewropa bazarlaryna energiýa serişdeleri ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapynda çykyş edýärler
10.12.22 - 10:54Türkmenistan we Azerbaýjan halkara bazarlaryna, hususan-da, ýewropa bazarlaryna energiýa serişdeleri ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapynda çykyş edýärler. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygynda belledi.

Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
10.12.22 - 10:46Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady. Bu barada Pakistan today neşiri habar berýär.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynda jenaýatçylykly etmişleri ýüze çykaryldy
09.12.22 - 16:40Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda baş prokuror S.Mälikgulyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen prokuratura edaralary tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň käbir ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, para almaklary bilen baglanyşykly jenaýatçylykly etmişleri ýüze çykaryldy.