
Türkmenistan energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga tarap möhüm ädim ätdi
01.11.22 - 00:2126 — 28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahaty we sergisi energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny kesgitledi.

Täze oba gaz geldi
31.10.22 - 12:12Halaç etrabynyň Akgala geňeşliginiň Garagum çölüniň eteginde ýerleşýän Kekreli obasyna tebigy gaz geldi. Elbetde, ýurdumyzda ilatly ýerleriň aglabasynyň gazlaşdyrylan döwründe bu habaryň adaty bir zat hökmünde kabul edilmegi hem mümkin. Gadyrly okyjylarymyzdan şeýle netije çykarmaga howlukmazlygy haýyş edýäris. Bu wakanyň esasy özeni başga, has möhüm meselelerde jemlenýär. Ol bolsa hormatly Prezidentimiziň ilatyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen parasatly syýasatyndan gözbaşyny alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti: nebitgaz toplumynyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda gazhimiýa we gazy gaýtadan işlemek bar
31.10.22 - 10:54Gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek we öndürilýän önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmak häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda belledi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
31.10.22 - 09:17Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

«Türkmennebit» DK we Hybrid Innovation enjamlary ibermek üçin şertnama baglaşdylar
29.10.22 - 12:17«Türkmennebit» döwlet konserni we Germaniýanyň Hybrid Innovation GmbH kompaniýasy penşenbe güni «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara forumynyň çäklerinde şertnama baglaşdylar. Enjamlary ibermek boýunça şertnamanyň bahasy 6 mln ýewrodan gowrak boldy.

Daşary ýurtly maýadarlara Türkmenistanda durmuşa geçirilýän «ýaşyl» taslamalara gatnaşmak teklip edildi
29.10.22 - 12:02OGT — 2022 Halkara maslahatynyň çäklerinde daşary ýurtly maýadarlar Türkmenistanda «ýaşyl» taslamalary durmuşa geçirmäge çagyryldy. Bu barada Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow «Täze eýýamyň energetikasy: içerki we sebit ösüşiniň mümkinçilikleri» sessiýasynda eden çykyşynda belledi.

OGT-2022-de TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň görkezilişi boldy
29.10.22 - 11:36OGT—2022 Halkara maslahatynyň çäklerinde TAPI Pipeline Compani Limited kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetnur Amanow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi.

OGT—2022 Halkara maslahaty: maýa goýumlar, tehnologiýalar, ýangyç-energetika toplumy üçin hünärmenler
29.10.22 - 11:22Penşenbe güni «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahaty Söwda-senagat edarasynda öz işini dowam etdi. Döwlet düzümleriniň, milli we halkara kompaniýalarynyň, ylmy merkezleriniň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, halkara guramalarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, bilermenler we hünärmenler nebitgaz senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan plenar mejlislere we sessiýalara işjeň gatnaşýarlar.

OGT-2022 forumynyň çäklerinde önümi ibermek boýunça täze şertnamalara gol çekildi
27.10.22 - 11:43Şu günlerde Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» Halkara forumynyň çäklerinde penşenbe güni türkmen hem-de halkara hyzmatdaşlary bilen şertnamalara gol çekildi.

Türkmenistan bilen gaz aragatnaşyklaryny ýola goýmak — ÝB-niň strategiki ymtylyşlarynyň merkezinde
27.10.22 - 11:37Türkmenistan bilen gaz aragatnaşyklaryny ýola goýmak — ÝB-niň Merkezi Aziýanyň nebitgaz serişdeleri babatda strategiki ymtylyşlarynyň merkezinde bolmagynda galýar. Bu barada Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani «Türkmenistanyň nebiti we gaz» 27-nji Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Türkmenistandan Hytaýa 340 mlrd kub metrden gowrak gaz eksport edildi — CNPC-niň prezidenti
27.10.22 - 11:29Türkmenistandan Hytaýa 2009-njy ýyldan bäri 340 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmeklige we ykdysady ösüşe netijeli täsir etdi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Sizsýun şu günlerde Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» Halkara nebitgaz maslahatynda eden onlaýn çykyşynda belledi.

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara maslahaty öz işine başlady
26.10.22 - 15:20Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Türkmen paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara sergisi açyldy
26.10.22 - 11:21Şu gün irden Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.10.22 - 08:19«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara.

OGT-2022-niň gün tertibiniň esasy mowzuklary – netijelilik, innowasiýalar, ekologiýa
25.10.22 - 16:06Maslahatyň dowamynda diňe bir öndürilýän nebitiň we gazyň paýlanyşyny diwersifikasiýa etmäge däl-de, eýsem nebit-gaz pudagynda innowasiýa önümçilik usullaryny ulanmaga gönükdirilen Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.