
Ärdogan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Liderleri bilen Türkiýede «gaz habynyň» taslamasyny maslahatlaşar
14.11.22 - 15:12Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan dekabr aýynyň başynda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Liderleri bilen Russiýa tarapyndan hödürlenen «gaz habynyň» taslamasyny maslahatlaşar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

“Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunynyň taslamasyna garaldy
13.11.22 - 22:2212-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibinde “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” kararyň taslamasyna garaldy.

Türkmen samboçylary altyn we bürünç medallarynyň ikisini Bişkekde geçirilýän dünýä çempionatynda gazandylar
13.11.22 - 12:19Türkmen samboçylary Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde dowam edýän 47-nji Sambo boýunça dünýä çempionatynda altyn we bürünç medallarynyň ikisine mynasyp boldular, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Hasyl toýy mynasybetli “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen sylaglamak dabarasy geçirildi
13.11.22 - 11:1412-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Hasyl toýy mynasybetli “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agranomlary, seçgiçileri hem-de ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň ösdürmäge mynasyp goşant goşýan beýleki oba hojalykçy işgärleri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynda, ulag we senagat ulgamlarynda türki döwletler bilen özara gatnaşyklaryň möhümligini nygtaýar
12.11.22 - 11:19Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň agza-döwletleri bilen ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümligini nygtaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew penşenbe güni Samarkant şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 9-njy duşuşygynda eden çykyşynda belledi diýip, türkmen DIM-niň saýty habar berýär.

Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehanikI zawody işleriň netijeliligini artdyrýar
12.11.22 - 10:07«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabat abatlaýyş-mehanika zawodynyň işgärleri onlarça nebitgaz känlerinde önümçilik işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokary depginlerde zähmet çekýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy mynasybetli gutlady
12.11.22 - 09:52Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy mynasybetli gutlady

TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşan Gahryman Arkadagymyz «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglanyldy
11.11.22 - 15:4411-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçýän mejlisine gatnaşdy.

Aşgabatda “Türkmentel — 2022” halkara sergisi we ylmy maslahat geçirilýär
11.11.22 - 14:0310-nji noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady.

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary
11.11.22 - 13:17Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary.

Aşgabat dünýäde deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desgalar bilen goragly
10.11.22 - 14:259-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda dünýäde nebitiň sarp edilişiniň çaklamasyny 99,82 mln b/g çenli artdyrdy
10.11.22 - 08:162022-nji ýylda dünýäde nebitiň we suwuk uglewodorodlaryň sarp edilişi günde 99,82 mln barrele deň bolar. Bu 2021-nji ýyldakydan 2,26 mln b/g artykdyr. Bu barada ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary müdirliginiň aýlyk çaklamasynda aýdylýar diýip, Interfaks habar berýär.

Türkiýe tebigy gazyň bahalaryny emele getirmäge gatnaşmagy meýilleşdirýär
10.11.22 - 08:11Türkiýe öz çäginde gaz merkezi açylandan soň, tebigy gazyň bahalaryny emele getirmäge gatnaşmaga bil baglaýar. Bu barada sişenbe güni ýurduň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
09.11.22 - 13:42Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lu bilen duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistan we ABŞ söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge ymtylýar — DIM
09.11.22 - 13:30Türkmenistan we ABŞ söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge ymtylýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça kömekçisi Donald Lunyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygynda bellenilip geçildi.