Makalalar

Iň arzyly Olimpiada

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1688/original-161128a5fe23ad.jpeg

Medallary, münberleri, ýeňişleri, utulyşlary, şatlyklary, ahmyrlary, garaşylan we garaşylmadyk netijeleri bilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary taryha siňdi.

Tokio—2020-ni mähir bilen ýatlajak millionlarça janköýerleriň arasynda türkmenistanlylar hem bolar. Çünki bu Olimpiýa oýunlary bize ilkinji medalymyzy bagyşlady. Agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Polina Gurýewa kümüş medala mynasyp boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan 200-den gowrak döwletiň arasynda 70-den gowrak medally döwletleriň biri boldy. Nesip bolsa, bu üstünlik nobatdaky Olimpiýa oýunlarynda gazanjak has uly sepgitlerimiziň badalgasy bolar.

Ýurdumyzyň sport wekiliýetine 9 türgen wekilçilik etdi. Olaryň biri dzýudo, ýene biri ýeňil atletika, ikisi suwda ýüzmek, galan bäşisi bolsa agyr atletika boýunça ýaryşlara gatnaşdy.

Umuman, agyr atletikaçylarymyzyň şu gezekki Olimpiýa oýunlarynda has netijeli çykyş edendigini aýratyn nygtamak gerek. Polina Gurýewadan başga-da, erkekleriň arasynda 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eden Hojamuhammet Toýçyýewiň görkezen netijesi hormat münberine bary-ýogy bir basgançak ýetmedi. Başga bir zenan agyr atletikaçymyz Kristina Şermetowa 55 kilograma çenli agram derejesinde iň güýçli alty türgeniň biri boldy. 109 kilograma çenli agramda «B» toparçada çykyş edendigine garamazdan, Öwez Öwezow iň güýçlüleriň 10-lugyna girdi. Ştangany silterläp götermekde üçünji orny eýelän Rejepbaý Rejebow iteklemekde 198 kilogram agyrlygy eýgeren hem bolsa, käbir sebäplere görä, bu agyrlyk eminler tarapyndan kabul edilmedi.

Suwda ýüzüjilerimiz Merdan Ataýew bilen Darýa Semýonowa öz toparçalarynda üstünlikli çykyş edip, bellenen aralygy öňdäkileriň hatarynda geçdiler. Ýöne olaryň gazanan netijesi ýaryşyň ýarym final tapgyryna çykmak üçin ýeterlik bolmady.

Herniçik hem bolsa, Tokio—2020 Olimpiýa oýunlary türkmenistanly janköýerler üçin iň üstünlikli boldy. Olar taryhda ilkinji gezek bu arzyly medalyň şatlygyna ýugrulyp gördüler.

Nobatdaky Olimpiýa oýunlary ýene-de üç ýyldan Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriler. Belki, Pariž Olimpiadasy hem türkmenistanly türgenlere nobatdaky medallary eçiler. «Ýagşy niýet — ýarym döwlet!». Çünki biziň türgenlerimizde öz janköýerlerini medal bilen begendirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Olar hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilip berilýän şol mümkinçilikleriň çygrynda iň oňat şertlerde türgenleşip, ýokary derejede çykyş edip bilýärler. Goý, ýene şeýle bolsun!

Agageldi ITALMAZOW,

žurnalist.

Başga makalalar
168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.


168c37ec2b1350.jpeg
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.


168c37463e56b7.jpeg
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär

Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

168675ab92cd74.jpeg
Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi

Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.


1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.