Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan AKMYRADOWA

22:43 06.04.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1017/original-1606c9dcf88364.jpeg

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa indi kyrk bäş ýyldan gowurak şu baýry medeni ojagyň sahnasynda zähmet çekip gelýär. Zähmet ýoluny, manyly ömrüni sahna sungaty bilen baglan ussat artist şol ýyllaryň içinde teatryň sahnasynda dürli ýaşdaky, dürli gylyk-häsiýetli zenan keşpleriniň 100-e golaýyny ussatlyk bilen janlandyrdy.

Ýakynda Enejan AKMYRADOWA bilen sungat älemindäki manyly döredijilik ýoly barada söhbetdeş bolduk.

— Enejan halypa, sahna sungatyny kesp-kär hökmünde saýlap almagyňyza näme sebäp boldy?

— Köplerde bolşy ýaly, mende-de çagalygymdan aýdym-saza, sungata bolan höwes döredi. Sakarçäge etrabynyň Girman bagşy adyndaky daýhan birleşigindäki 6-njy orta mekdepde okap ýörkäm, mekdebimiziň aýdym-saz, drama gurnaklaryna gatnaşyp, etrap, welaýat derejesinde geçirilýän festiwallarda çykyş etmek miýesser etdi.

Onsoňam, şol ýyllarda paýtagtymyz Aşgabat şäherinden teatr sungatynyň ýyldyzlary — SSSR-iň halk artistleri Aman Gulmämmedowyň, Bazar Amanowyň, Sona Myradowanyň we beýleki meşhur artistleriň gelip, obamyzyň klubunda sahna oýunlaryny görkezmegi, olaryň ussatlygy haýrana goýýardy. Teatr sungatyny saýlap almagyma, megerem, şular sebäp bolandyr.

— Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde öz halypalaryňyzam ýatlaýsaňyz!

— Ilkinji halypam — ýanýoldaşym, teatrymyzyň görnükli artistleriniň biri Kakajan Akmyradow. Ol paýtagtymyzyň şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda işläp, teatryň ýanyndaky studiýada okan ýyllarynda ussatlaryň mekdebini geçen artist.

Men özüme teatrymyzyň ussat artistleri Annageldi Kyýasow, Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Annagylyjowa, Akmyrat Hümmedow, Berdi Mollaýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Baýram Gurbanow, Oguljeren Gurbangeldiýewa dagy bilen köp ýyllaryň dowamynda bir sahnada çykyş etmek bagtynyň miýesser edenine diýseň buýsanýaryn. Olar sahnada keşpleri döretmekde-de, durmuşda adamkärçilik babatda-da nusgalykdylar. Olaryň sahnadaky hereketlerimize eden bellikleri, beren gymmatly maslahatlary taplanmagyma uly itergi boldy.

— Teatrda zähmet çekip gelýän ýyllaryňyzyň içinde sahnada janlandyran keşpleriňiziň haýsylary tomaşaçylar tarapyndan has gyzgyn garşy alyndy?

— Maňa teatrymyzyň sahnasynda ilkinji gezek Annamuhammet Gylyjow bilen Sapar Öräýewiň «Köýten nalasy» spektaklynda baş gahryman Ýaňylyň keşbini döretmek miýesser etdi. Bu spektakl sahna sungatynda ilkinji şowly ädimim boldy diýsem ýalňyşmaryn.

Türkmenistanyň halk artisti Abdylla Ýakubow tarapyndan sahnalaşdyrylan «Syrly sowgat» spektaklynyň baş gahrymany Aýbölegiň, Ata Atajanowyň «Aýzada» atly dramasynda Aýzadanyň keşbini döretmegimem maňa üstünlik getirdi.

— Siziň durmuşyň dürli meselelerini gozgaýan, adamlaryň ykbalyny yzarlaýan drama eserlerini döredendigiňizden hem sungat muşdaklary habarlydyr. Iň şowly çykan sahna eserleriňiz barada-da aýdaýsaňyz!

— Özümiň döreden drama eserlerimden teatrymyzda sahnalaşdyrylan «Yşgyň ummany», Mollanepesiň «Zöhre — Tahyr» dessanynyň esasynda ýazan «Söýgi ummanynda küreksiz» atly sahna eserlerim tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylandy.

Teatrymyz «Söýgi ummanynda küreksiz» atly sahna eseri bilen ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» festiwalynda uly üstünlige eýe boldy. Teatrymyz şu sahna eseri bilen türki dilli döwletleriň hem-de Hazarýaka döwletleriň teatrlarynyň Gazagystanda geçirilen halkara teatr festiwalyna gatnaşyp, baýrakly orny eýeledi. Sahna eserlerimiň birnäçesi welaýatymyzyň Mary we Ýolöten etrap halk teatrlarynyň sahnalarynda-da goýuldy.

— Il arasynda maşgalaňyza «sahna sungatyna ykbalyny baglan maşgala» diýýärler.

— Hawa. Ýanýoldaşym, merhum Kakajan Akmyradow köp ýyllaryň dowamynda teatrymyzda zähmet çekip, ençeme keşpleri ussatlyk bilen döretdi.

Häzir teatrymyzda oglum Parahat Akmyradow, gyzym Patma Akmyradowa hem özüm bilen bile zähmet çekýärler. Olaram sahna eserlerinde dürli keşpleri döredip, ussatlygyny barha artdyrýarlar. Menem olara halypalyk goldawyny berip durýaryn.

— Geljekki maksadyňyz barada-da aýdaýsaňyz?

— Mähriban Watanymyzyň şanly ösüşlerini wasp edýän sahna eserlerinde merdana döwürdeşlerimiziň keşplerini döretmek meniň baş maksadym bolup durýar.

— Size sungat äleminde täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

— Sag boluň!

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,

                     USSAT NEWS.

Başga makalalar
16640bcfe14870.jpeg
«Mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün edilýär

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Köneürgenç, Şabat we Görogly etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalaryň ilatyny hem-de Garagum sährasynyň jümmüşinde, Sarygamyş kölüniň boýlarynda we Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlarynda häzirki günlerde ýazlaga çykan, çarwaçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyzy suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar.


16633b43dd9f61.jpeg
Täze gözýetimleri nazarlaýan gidrogeologlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzybir agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek bilen, 2024-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler.


16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.

166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.