Smartfonlardaky oýunlar kiçijik çagalara we mekdep okuwçylaryna peýdaly bolup biler

Ýaş ene-atalar çagalara irki çagalyk döwründen planşetlerde we smartfonlarda oýun oýnamaga mümkinçilik berýärler, bu ýagdaý bu işde peýdany görmeýän uly nesillerde düşünmezligi emele getirýär. Ýöne bu mesele boýunça alada etmek hakykatda esassyz diýip, kliniki psiholog Artur Garaganow hasaplaýar. Ol çagalaryň häzirki reallykdan daşda bolmazlyklary üçin döwrebap oýunlary oýnamalydygyna ynandyrýar.
“Planşeti, eger-de olar öwrediji we ösdüriji serişdelere eýe bolsa, iki ýaşly çagalara-da bermek bolýar. Eger-de bu serişdeler olara kommunikatiw başarnyklary ýa-da hereket işjeňligini emele getirmäge kömek etse, onda ol olaryň bilim ýa-da gündelik oýun işine düýpli ornaşmalydyr. Çagalar stolüsti oýunlaryndaky predmetler bilen hem oýnamalydyrlar, ýöne planşeti inkär etmeli däl. Eger-de muňa ýol berseň, onda çaga häzirki barlykdan ünsüni sowup, smartfonuň nähili işleýändigini bilmeýän käbir mamalara we babalara meňzärler” – diýip, Sputnik radiosyna psiholog gürrüň berýär.
Planşetlerdäki we smartfonlardaky oýunlar diňe bir kiçijik çagalara däl, eýsem, mekdep okuwçylaryna hem peýdaly bolup biler.
Aknur AKJAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.